Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan-Gyrgyzystan serhedinde dörän atyşykda bir täjik esgeri öldi


Gyrgyzystanyň Batken regionyndaky serhet barlag-gözegçilik nokady
Gyrgyzystanyň Batken regionyndaky serhet barlag-gözegçilik nokady

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky dawaly serhet araçäginde bir täjik serhetçisi gyrgyz esgerleri bilen ýüze çykan atyşykda heläk boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy gyrgyz serhediniň golaýyndaky Dusti etrabyndaky çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Bu aralykda, Täjigistanyň Daşary işler ministrligi gyrgyz tarapynyň “duýdansyz Worukh obasyna ýaraglardan zarba uranda, Täjigistanyň Kekh serhet barlag-gözegçilik nokadynyň kommandiriniň agyr ýaralanandygyny aýtdy.

“Täjik tarapy Gyrgyzystanyň harbylarynyň prowokasion, öjükdiriji hereketlerini ýazgarýar we gyrgyz tarapyndan bular ýaly hadysalaryň gaýtalanmajakdygyny kepillendirmek üçin gyssagly çäreleri görmegini talap edýär” diýip, Içeri işler ministrligiň hadysa boýunça ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Gyrgyz serhet gullugynyň maglumatyna görä, 14-nji iýunda ýerli wagt bilen irden 7-ler töweregi Täjigistanyň Kekh barlag-gözegçilik nokadyndan Gyrgyzystanyň Batken regionyndaky Bulak-Başi sebitine tarap ok atylypdyr.

Gyrgyz tarapynyň beýanatynda mundan soň gyrgyz esgerleriň “täjik barlag nokadyna tarap garşylyklaýyn ot açandyklary” aýdylýar.

Beýanatda gyrgyz tarapynyň ýitgileri barada maglumat ýok.

Gyrgyz resmileri hem serhetdäki ýagdaýlaryň dartgynlydygyny tassykladylar.

Taraplaryň serhet komandirleriniň we ýerli resmileriniň arasynda hadysa boýunça gepleşikleriň geçirilendigi hem bellenilýär.

XS
SM
MD
LG