Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus güýçleri Sewerodonetskde öňe ilerleýär, Günbatar Ukraina üçin ýaraglary maslahat edýär


Rus basybalyjy güýçleriniň Ukrainanyň Luhansk regionynyň Priwelege şäherine urban zarbalarynyň netijeleri. 14-nji iýun, 2022 ý.
Rus basybalyjy güýçleriniň Ukrainanyň Luhansk regionynyň Priwelege şäherine urban zarbalarynyň netijeleri. 14-nji iýun, 2022 ý.

Ukrain güýçleriniň berk garşylygyna garamazdan, rus basybalyjy goşuny ýurduň gündogaryndaky möhüm Sewerodonetsk şäheriniň aglaba sebitini ele geçirdi. Şäher ugrundaky ençeme hepde bäri dowam edýän çaknyşyklarda ukrain armiýasy agyr ýitgileri çekýär. Bu aralykda, Günbatar döwletleriniň, Kiýewiň bu baradaky dowamly çagyryşlarynyň arasynda, Ukraina has köp ýarag ugratmak baradaky planlaryny äşgär etmegine garaşylýar.

15-nji iýunda Russiýa Sewerodonetskiň Azot himiki desgasynda toplanan ukrain güýçlerine ýaraglaryny goýmaga çagyrdy. Ruslar mundan soň, desgada gizlenýän parahat ilat üçin “ynsanperwer geçelgäni” kepillendirjekdigini wada berdi. Emma Ukraina häzirlikçe Moskwanyň teklibine jogap bermedi.

Britan aňtaw gulluklarynyň 15-nji iýunda beren maglumatynda Azot himiki desganyň ýerzeminlerinde ýüzlerçe parahat ilatyň we ukrain esgerleriniň ýerleşýändigi bellenilýär.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň gündelik býulleteninde Moskwanyň ilki hüjüm planlaryny çyzanynda, Ukrainanyň erjellik bilen garşy durjakdygyna “asla garaşmandygyna çalym edýändigi” hem aýdylýar.

Şeýle-de, Russiýanyň bular ýaly garşy duruş hereketleriniň netijesinde, artilleriýa toplary ýaly uzak aralyga niýetlenen ýaraglar bilen şähere zarba urmak taktikasyna eýerýändigi bellenilýär.

Prezident Wolodymyr Zelenski 14-nji iýunda giçlik eden çykyşyna Ukraina raketa hüjümlerine garşy döwrebap ulgamlaryň zerurdygyny aýtdy we hyzmatdaş döwletleriň muny gijikdirmegine hiç hili esasyň ýokdugyny sözüne goşdy.
Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitinde ençeme hepde bäri söweş hereketleri dowam edýär. Zelenski söweşlerdäki “ýitgileriň juda agyrlydygyny” aýtdy.

Ukrain prezidenti Kiýewiň gündogaryndaky Harkiw sebitinde hem “agyrly ýitgileriň” bardygyny aýtdy. Russiýa ukrain güýçleriniň garşylykly hüjüm hereketleriniň netijesinde bu sebitden yza tesdirilenden soň, gaýtadan öz pozisiýalaryny berkitjek bolýarlar.

Ukrainanyň Goranyş boýunça Habar Toparyna girýän onlarça döwletiň goranmak ministrleriniň 15-nji iýunda Brýusselde duşuşyp, Ukraina üçin ýene has köp ýaraglary ugratmak meselesini maslahat etmegine garaşylýar.

Mundan başga-da, günüň dowamynda NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň iki günlük resmi sammiti hem başlanar.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Lloýd Austin 50 töweregi döwletiň girýän toparyndaky gepleşiklere ýolbaşçylyk eder diýip, resmiler maglumat berdi.
Bu aralykda, Ukrainanyň goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar Ukrainanyň Moskwanyň hüjümine garşy durmak üçin Günbatardan soran ýaraglarynyň diňe 10%-niň gelip gowuşandygyny aýtdy.

“Ukraina näçe tagalla etse-de, armiýa nähili derejede professional bolsa-da, Günbatar hyzmatdaşlarynyň kömegi bolmazdan, biz bu urşy ýeňip bilmeris” diýip, Malýar telewideniýede eden çykyşynda belledi we Günbatary ýaraglary has tiz ugratmaga çagyrdy.

Günbatar döwletleri Ukraina has ygtybarly ýaraglary, şol sanda kämil raketalary ugratmagy söz berdiler, emma ýaraglaryň ornaşdyrylmagy käbir wagty talap edýär.

XS
SM
MD
LG