Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus güýçleri Lysyçanska hüjüm edýär, Sewerodonetskiň golaýynda söweş gazaplanýar


Lysysançska edilen hüjümden soňra, halas ediji toparlar bir binananyň harabalygynda işleýär.
Lysysançska edilen hüjümden soňra, halas ediji toparlar bir binananyň harabalygynda işleýär.

Ukrain goragçylary Sewerodonetskde heniz hem garşylyk görkezýär diýip, ukrain resmileri aýdýar. Gündogardaky bu möhüm şäherde söweşler birnäçe hepde bäri dowam edýär. Rus güýçleri bolsa Sewerskiý Donets derýasynyň boýunda, Sewerodonetskiň garşysynda ýerleşýän Lysyçansk şäherine agyr zarba ýagdyryp başlady.

Ukrain goşuny 18-nji iýunda “atilleriýa we granat atyjylar bilen biziň goşunlarymyzyň pozisiýalaryna we raýat infrastrukturalaryna yzygiderli ot açylýar” diýdi.

Ekiz şäherleriň ýerleşýän ýeri bolan Luhansk sebitiniň harby häkimi Serhiý Haýdaý 17-nji iýunda döwlet telewideniýesine agyr zarbalarda köp sanly adamyň öldürilendigini aýtdy. Haýdaý soň paýlaşan onlaýn postunda şäher daşyndaky möhüm magistraldan geçip bolmaýandygyny aýtdy.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi 18-nji iýundaky gündelik brifinginde rus güýçleriniň soňky 48 sagatda Sewerodenotskden 115 kilometr töweregi demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Izýum şäheriniň daşyny gabamak maksady bilen, şäheriň günortasyna täzeden hüjüm edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG