Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň bazarlarynda miwe ýetmezçiligi duýulýar. Ýerli ilat eksport edijileri bahalaryň ýokarlanmagynda günäkärleýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Bu ýyl Özbegistanyň bazarlarynda miwe ýetmezçiligi ýüze çykdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, alçanyň, irki almanyň, şetdalynyň we erigiň bahalary takmynan iki esse ýokarlandy.

Bu ýyl miweleriň azdygy sebäpli, guradylan miweleriň bahasy-da ep-esli ýokarlandy.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti bilen söhbetdeş bolan ýerli sarp edijiler Özbegistanda ýetişdirilen miweleriň we gök önümleriň bahasynyň ýokarlanmagynda, eksportçylaryň günäkärdigini aýdýarlar.

– Bir kilogram alçanyň bahasy 40 müň sum we ondanam ýokarrak. Bazarda erik ýok diýen ýaly. Şu ýyl şetdaly hem ýetmezçilik edýär. Eksportçylar miweleri köp mukdarda satyn alyp, daşary ýurda iberýärler, ýerli ilata bolsa gymmat bahadan, çüýrük miweler galýar – diýip, daşkentli Akmal atly söhbetdeşimiz aýdýar.

Käbir özbek bilermenleri şu ýyl miwe önümçiliginiň sowuk sebäpli azalandygyny aýdýarlar. Olaryň sözüne görä, mart aýynyň ahyrynda we aprel aýynyň başynda, Özbegistanda ýüze çykan sowuk howa bagbançylyga agyr zarba urupdyr.

Soňky iki hepdäniň dowamynda, Özbegistanyň daýhan bazarlarynda soganyň, kartoşkanyň, hyýaryň we pomidoryň bahasy 25% ýokarlandy.

East Fruit analitik merkeziniň maglumatyna görä, Özbegistanda miweleriň bahasy GDA-nyň we dünýäniň beýleki ýurtlaryna garanyňda has gymmat.
East Fruit analitik merkeziniň maglumatyna görä, Özbegistanda miweleriň bahasy GDA-nyň we dünýäniň beýleki ýurtlaryna garanyňda has gymmat.

Bu aralykda, Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti soňky bäş aýda, miwe eksportynyň 2% ýokarlandygyny habar berdi. Döwlet statistika komitetiniň habaryna görä, 2022-nji ýylyň soňky dört aýynda, Özbegistan bahasy 200 million dollardan gowrak miwe eksport edipdir.

Özbegistanda her ýylda takmynan 20 million tonna miwe ýetişdirilýär. Ýerli ilatyň mellek ýerlerinde ýetişdirýän miweler hem göz öňünde tutulanda, bu görkeziji artyp biler.

Özbegistan her ýyl ortaça 1 million tonna miwe we gök önüm eksport edýär. Mundan başga-da, miwe eksporty resmi däl kanallar arkaly – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Russiýanyň üsti bilen hem amala aşyrylýar.

Daşkentde ýerleşýän “GardenCellс” kompaniýasy soňky üç ýylda, Özbegistanda ýetişdirilen miweleri we gök önümleri dünýäniň otuzdan gowrak ýurduna eksport edýär.

Kompaniýanyň baş müdiri Mirzohid Niýazow Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde, miweleriň häzirki gymmat bahasy üçin, eksportçylaryň günäkärdigi baradaky aýyplamalary esassyz saýýar.

Onuň sözlerine görä, miweleriň gymmat bolmagynyň esasy sebäbi ýaramaz howa şertleri.

– Bu ýyl erik hasyly pes boldy. Bu şäniksiz erik kişdesine-de täsir eder. Ekine aýaz ýakymsyz täsir etdi. Şetdaly indi bişip başlady, hasyl erbet däl, ýöne bu miwe gymmat. Şonuň üçin şetdalyny daşary ýurda eksport edip bilmeris. Bahalary daýhanlar öz ýagdaýyna görä kesgitleýärler. Bu gowy däl. Eksportçylar esasan gowy, ýokary hilli önümleri daşary ýurda iberýärler. Olar ýönekeý adamlar üçin niýetlenen önümleri eksport etmeýärler, sebäbi beýle harytlar daşary ýurtlarda kabul edilmeýär. Şonuň üçinem eksportyň içerki bazardaky bahalara täsir edýär diýlen aýyplamalara çynlakaý garamaýaryn. Meniň syn edişime görä, munuň sebäbi howsala döretmek – diýip, Mirzohid Niýazow aýdýar.

«GardenCеllс» täjirçilik kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mirzohid Niýazow
«GardenCеllс» täjirçilik kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mirzohid Niýazow

«Çüýrük eksport ulgamy»

Şweýsariýada ýaşaýan işewür aýal Gawhar Weibel üç ýyl bäri Merkezi Aziýadan Ýewropa oba hojalyk önümlerini import edýär.

Ol Özbegistanda miwe we gök önüm eksportynyň hökümete ýakyn adamlaryň elindedigini öňe sürdi.

– Bularyň hemmesi korrupsiýa, bary bir zynjyr. Özbegistanda ýönekeý öndüriji öz önümlerini bize göni eksport edip bilmeýär. Söwda işi “ýokardakylara” ýakyn adamlaryň elinde. Bu işe diňe bir ýerli häkimler däl, eýsem Özbegistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyklary-da gatnaşýar. Ol tutuş çüýrük eksport ulgamy. Özbegistanda 20 sent bahasy bolan gawun elden-ele geçip, bize gelende, 1 dollar 20 sente düşýär. Bu ugurdaky adamlaryň ählisiniň paýy bar. Şonuň üçin olary Özbegistanda miwe we gök önümleriň ýetmezçiligi gyzyklandyryp barmaýar – diýip, işewür zenan aýdýar.

Iki ýyl ozal Şweýsariýanyň “Controls Weibel” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Gawhar Weibel Özbegistanyň Germaniýadaky we Belgiýadaky ilçihanalaryny aldawçylykda aýyplady.

Iki ýyl ozal Şweýsariýanyň “Controls Weibel” kompaniýasyny esaslandyryjysy Gawhar Weibel özbek eksportçylaryny aldawçylykda aýyplady.
Iki ýyl ozal Şweýsariýanyň “Controls Weibel” kompaniýasyny esaslandyryjysy Gawhar Weibel özbek eksportçylaryny aldawçylykda aýyplady.

Işewür aýal Özbegistanda ýetişdirilen nar we gawun sargyt edip, netijede ulanyp bolmajak 10 tonnadan gowrak önüm alypdyr.

– Men ol iberilen miweler ýolda çüýrändir öýdüpdim, ýöne hakykatda eksport ulgamynyň çüýredendigi ýüze çykdy. Men Germaniýadaky Özbek konsullygynyň bir işgäriniň we Belgiýadaky Özbek konsullygynyň başga bir işgäriniň işden çykarylmagyny başardym. Olar maňa 10 müň dollar aldaw saldylar. Bu dawa ýüze çykyp, prezidente ýetensoň, özleri maňa 7 müň dollar gaýtaryp berdiler – diýip, Gawhar Weibel aýdýar.

Şweýsariýaly bir telekeçi Özbegistandan nar we gawun sargyt etdi, ýöne 10 tonnadan gowrak çüýrük miwe aldy.
Şweýsariýaly bir telekeçi Özbegistandan nar we gawun sargyt etdi, ýöne 10 tonnadan gowrak çüýrük miwe aldy.

2021-nji ýylyň awgust aýynda, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan gurnalan žurnalistik barlaglarda, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň kiçi giýewisi Otabek Umarowyň dogany, 35 ýaşly Oýbek Umarowyň miweleri daşary ýurtlara eksport edýän bir kompaniýanyň paýdarydygy aýan edildi.

Özbegistandaky kompaniýalaryň açyk sanawyndan alnan maglumatlara görä, Oýbek Umarow paýnamalaryň 22,90%-ne eýeçilik edýär. Özbegistandan eksport edilýän guradylan miwe önümleriniň näçe böleginiň ООО GOLD DRIED FRUITS EXPORT kompaniýasynyň paýyna düşýändigi belli däl.

Ukrainadaky söweş bilen baglanyşykly Özbegistandan Ýewropa miwe eksporty kynlaşýar

Özbegistanda ýetişdirilen miweleri we gök önümleri esasy satyn alyjy GDA ýurtlary, hususan-da Gazagystan we Russiýa bolup durýar. Şu ýylyň ilkinji dört aýynda, Özbegistan jemi 200 million dollar baha barabar miwe eksport eden bolsa, iň ýokary görkeziji Gazagystanyň (19,8%), Russiýanyň (19,3%), Hytaýyň (15.1%), Pakistanyň (9,6%) we Gyrgyzystanyň (8,3%) paýyna düşýär. Miweleriň GDA ýurtlaryna gizlin kanallar arkaly eksport edilýändigi göz öňünde tutulanda, eksportyň mukdary hasam köp bolup biler.

Şweýsariýaly işewür aýal Gawhar Weibel Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, Russiýanyň goşunynyň Ukraina girmegi we Russiýa we Belarusa girizilen sanksiýalar Özbegistandan Ýewropa miwe eksporty üçin, maddy-tehniki kynçylyk döredendigini aýtdy.

– Uruş sebäpli Özbegistandan Ýewropa önüm aşyrmak bilen baglanyşykly maddy-tehniki kynçylyklar döredi. Özbegistandan önümler Gazagystanyň, Russiýanyň, Belarusyň we soňra Polşanyň üsti bilen Ýewropa gelýärdi. Indi Russiýa we Belarusa sanksiýa girizildi. Bu ýurtlaryň üstünden ýük awtoulaglaryna Ýewropa girmäge rugsat berilmeýär. Başga bir ýol, mysal üçin Türkiýäniň üsti bilen, ol gaty gymmat. Biz ony öwrendik. Ýol gaty uzyn, köp wagt alýar, ýolda miweleriň zaýalanmak howpy bar. Mundan başga-da, uruş sebäpli benziniň bahasy ýokarlandy. Şol sebäpli Özbegistan miwelerini esasan Gazagystana, Russiýa we GDA ýurtlaryna eksport edýär – diýip, Gawhar düşündirýär.

Şeýle-de bolsa, Mirzohid Niýazow “GardenCellс” kompaniýasynyň özbek miwelerini eksport etmekde, Ýewropany we ABŞ-ny ileri tutulýan ugur hökmünde saýlandygyny aýdýar.

– Russiýanyň we Belarusyň bazarlarynda, köplenç kynçylyk ýüze çykýar, olar bahalary aşakladýarlar, şoňa görä biz Ýewropa we ABŞ bazarlaryny ileri tutýarys. Ilki bilen olar harytlarymyzy ýokary bahadan satyn alýarlar. Ikinjiden, olar hasaplamak meselesine dogry çemeleşýärler. Üçünjiden, Ýewropada biziň bilen şertnama baglaşmazdan ozal önümçiligiň mukdary barada gepleşik geçirýärler. Munuň özi özbek daýhany üçinem, özbek eksportçysy üçinem gaty amatly. Geçen ýyl biz taryhda ilkinji gezek özbek gawunlaryny Germaniýanyň iň uly «Ebeka» toplumyna iberdik, olaryň bütin Ýewropada 24 müň supermarketi bar. Gamburgdaky laboratoriýa gawunlarymyzda asla pestisidler ýok diýen netijä geldi. Mundan başga-da, üç ýyl bäri önümlerimizi ABŞ-daky Daşkent supermarket zynjyryna iberýäris – diýip, Mirzohid Niýazow aýdýar.

Özbek miwelerini Çehiýa import etmek bilen meşgullanýan bir telekeçi şu ýyl özbek miwesiniň gymmat bolmagy sebäpli, öz işiniň agyr döwri başdan geçirýändigini boýun alýar.

– Bu ýyl Özbegistanda miweler gaty gymmat. Ony Çehiýa getirýänçäň, çykdajylar hasam ýokarlanýar, şonuň üçin bu iş özüni ödemeýär. Häzir Çehiýa miweler Ispaniýadan we Italiýadan getirilýär, olar arzan. Başga bir kynçylyk gatnaw meseleler bilen baglanyşykly. Golaýda biz Özbegistandan süýji alçalary uçar bilen import etdik, ýöne Ukrainadaky uruş sebäpli ýük awtoulaglary gitmeýär – diýip, adynyň aýdylmazlygyny isleýän telekeçi aýdýar.

Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň miwe we gök önümler bazaryndaky ýagdaýy aýan ediji East Fruit barlag merkeziniň maglumatyna görä, 2022-nji ýylda Özbegistanda azyk önümleri, hususan-da gök önümler we miweler üçin bahalar birden ýokarlanyp, taryhy derejä ýetip biler.

Özbegistan şu ýyl miwe eksportynyň mukdaryny 2 million dollara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, bilermenler içerki bazardaky miweleriň bahasynyň gymmatlygy we hasylyň az bolmagy sebäpli, muny amala aşyrmak mümkin bolmaz diýip hasaplaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG