Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus žurnalistiniň Nobel baýragy rekord derejedäki $103,5 milliona satyldy


Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy

Rus žurnalisti Dmirtiý Muratowa geçen ýyl gowşurylan Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy auksionda rekord derejedäki 103,5 million dollara satyldy.

20-nji iýunda geçirilen auksionyň guramaçylary pullaryň ählisiniň Ukrainadaky uruş sebäpli öýlerini terk etmeli bolan – BMG-niň Çagalar gaznasy, ýagny UNICEF-iň howandarlygyndaky – programma iberiljekdigini mälim etdi.

Baýragy satyn alanyň şahsyýeti aýan edilmedi. Ol telefon arkaly söwda eden biri hökmünde tanyşdyryldy.

Satuwa çykarylan Nobel baýragynyň ozalky rekord bahasy 4,76 million dollara deň bolupdy. 1962-nji ýylda James Wansona gowşurylan baýrak 2014-nji ýylda satyldy.

Russiýada “Nowaýa Gazeta” garaşsyz neşirini esaslandyrmaga ýardam eden Muratow 24-nji fewralda Russiýanyň esassyz Ukraina çozmagyndan soň, öýlerini terk etmäge mejbur bolan millionlarça ukrainyla hemaýat bermek üçin, özüniň Nobel baýragyny satuwa çykarypdy.

Mundan öň, Muratow Nobel baýragy bilen berlen 500 müň dollar pul baýragyny hem haýyr-sahawata berjekdigini yglan edipdi.

Ol AP habar gullugyna beren interwýusynda esasan hem Ukrainadaky konflikt sebäpli ýetim galan çagalaryň ykbaly barada alada galýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG