Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ilatyň durmuş şertleriniň ýaramazlaşmagyna garşy geçirilýän protestler ulalýar


Eýranda inflýasiýa protestleri dowam etdirilýär: taksi sürüjileri iş taşlaýyş, pensionerler ýöriş geçirýär.
Eýranda inflýasiýa protestleri dowam etdirilýär: taksi sürüjileri iş taşlaýyş, pensionerler ýöriş geçirýär.

Ebrahim Raisiniň saýlaw ýeňşinden bir ýyl soň, Eýranda hökümetiň ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlaşmagy meselesini çözüp bilmeýändigi zerarly dörän nägilelik artýar. Protestler ýurt boýunça dowam etdirilýär.

21-nji iýunda Yspyhanyň Mahmudabat senagat şäherinde işçiler tapgyr dördünji gün iş taşlaýşy dowam etdirdiler. Döwletabat, Bagtyýar Daşt, Meýme, Rezwanşahr, Najafabat we Duşak senagat şäherçeleriniň işçileri hem iş taşlaýyşa goşuldy.

Şol bir wagtda, demirgazyk gündogar Eýranyň Maşat şäherinde taksi sürüjileri hem şäheriň esasy köçeleriniň birini petikläp iş taşlaýyş geçirdiler.

Eýranda ýaşaýyş we iş şertleriniň ýaramazlaşmagy, zähmet haklarynyň peselmegi ýaly oňaýsyzlyklar sebäpli işçileriň geçirýän protestleriniň gerimi ýaýbaňlanýar.

Eýranyň zähmet kodeksi raýatlaryň garaşsyz arkalaşyk döretmek hukugyny ykrar etmeýär. Şol bir wagtda, ilatyň beýleki gatlaklary, şol sanda pensionerler hem ýurtdaky barha ýaramazlaşýan ykdysady şertlere we häkimiýetleriň durmuş şertlerini gowulandyrmak wadalaryny berjaý etmeýändigine garşy protest geçirýärler.

18-nji iýunda Raisiniň saýlaw ýeňşine bir ýyl doldy.

XS
SM
MD
LG