Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Lysyçanskyň golaýyndaky iki obany ele geçirdi


Moskwa Donbas sebitiniň möhüm Luhansk we Donetsk sebitlerini doly basyp almagy maksat edinýär.

Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitiniň möhüm Lysyçansk şäheriniň golaýyndaky iki ýaşaýyş nokadyny ele geçirdiler, şeýle-de zarbalarynyň gerimini artdyryp Luhansk regionyndaky ukrain goragçylarynyň soňky garşy duruş sebitini doly gabawa almagy maksat edinýärler diýip, 23-nji iýunda ukrain harbylary mälim etdiler.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 23-nji iýunda çap eden gündelik aňtaw brifinginde belleýşi ýaly, Russiýanyň Lysyçansk we onuň ekiz şäheri Sewerodonetsk ugurlary boýunça ilerlemegine ýakynda sebite goşmaça rus güýçleriniň çekilmegi we atylýan artilleriýa zarbalarynyň artdyrylmagy sebäp bolana çalym edýär.

Luhanskyň harby häkimi Serhiý Haýdaýyň 23-nji iýunda beren maglumatyna görä, Lyçysanskyň we Sewerodonetskiň günortasyndaky Loskutywka we Raý-Oleksandrywka obalary ruslaryň eline geçipdir.

Şol bir wagtda, ol ukrain güýçleriniň Sewerodonetskiň özünde we onuň golaýyndaky Zolote we Wowçoýrowka sebitlerinde basybalyjylara gaýtawul berýändiklerini sözüne goşdy.

Haýdaý rus goşununyň Lysyçanske rehimsizlik bilen “köpçülikleýin” artilleriýa toplaryny ýagdyrýandygyny hem belledi.

“Sewerodonetsk we Lysyçansk ugrundaky söweşler howatyrly çürbaşa ýetdi” diýip, prezident Wolodymyr Zelenskiniň maslahatçysy Oleksiý Arestowiç çykyş etdi.

Moskwa ukrain senagatynyň kalby hasaplanýan Donbas sebitiniň möhüm Luhansk we Donetsk sebitlerini doly basyp almagy maksat edinýär.

Donetskiň regional harby administrasiýasynyň başlygy Pawlo Kyrylenko ukrain güýçleriniň häzir Donetskiň ýarpysyndan hem az sebitine gözegçilik edýändigini, şeýle-de sebitiň 100 töweregi şäherdir obalarynda gaz we elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini habar berdi.

Kyrylenko rus basybalyjylarynyň elindäki Donetskiň 55% sebitiniň “dolulygyna ýer-ýegsan edilendigini” hem sözüne goşdy.

Emma britan aňtaw gulluklary rus güýçleriniň Luhansk regionunyň günbatar sebitleri boýunça ilerlemek tagallalarynyň togtap galandygyny nygtadylar.

Bu aralykda, Arestowiç rus güýçleriniň Ukrainanyň ikinji uly şäheri Harkiwe garşy hem soňky hepdeleriň dowamyndaky iň intensiw zarbalary ýagdyrandygyny aýtdy.

Ol basybalyjylaryň munuň bilen ilaty “terror astynda saklamagy” isleýändiklerini nygtady.

Arestowiç soňky iki günüň dowamynda Harkiwde rus hüjümleriniň netijesinde azyndan 10 adamyň ölendigini, şeýle-de Moskwanyň bu ugur boýunça hereketlerini artdyryp, ukrain güýçleriniň ünsüni Donbasdaky çaknyşyklardan sowmak isleýändiklerini sözüne goşdy.

Britan premýer-ministri Boris Jonson soňky aýlaryň dowamynda, rus armiýasynyň öz resurslaryny ulanyp azaltmagy netijesinde, Ukrainadaky ilerlemesiniň haýallajakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Jonsonyň 22-nji iýunda Germaniýanyň Sueddeutsche Zeitung gazetinde çap bolan beýanatynda, rus güýçleriniň Donbas regionunyň gündogary boýunça öňe ilerleýändigi, emma şol bir wagtda esgerleri we serişdeleri babatynda uly ýitgileri çekýändigi hem nygtalýar.

Bu aralykda, Türkiýe Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagyndan soň, Moskwanyň ukrain hasylyny ogurlaýandygy baradaky aýyplamalary derňemäge ygrarlydygyny belledi. Britaniýanyň daşary işler sekretary Liz Truss bolsa, global derejedäki azyk krizisiniň arasynda hemaýat bermegi teklip etdi.

Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň arasynda ýurduň deňiz portlaryny böwetlemegi bilen, dünýäniň esasy galla eksportýorynyň biri Ukraina toplan hasylyny daşary ýurtlara çykaryp bilmeýär.

Ukraina we Günbataryň köp hökümeti Russiýany dünýädäki azyk üpjünçiligi krizisini öz bähbitlerine ulanmakda aýyplaýarlar. Mundan öň, Moskwa halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň öwezine, Ukrain galla hasylynyň eksport edilmegine mümkinçilik döretjekdigini aýdypdy. Emma Günbatar hökümetleri bular ýaly ädimi ret etdiler.

Has ozal, Russiýanyň ukrain hasylyny Siriýa daşaýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Ankaranyň Russiýa ýa-da başga kimdir birine ogurlanan hasyly beýleki döwletlere äkitmegine rugsat bermejekdigini aýtdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG