Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Garagalpagystandaky wakalara alada bilen seredýändigini aýtdy 


Nukusly protestçiler
Nukusly protestçiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigini habar berýär.

"Türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar" diýip, Türkmen DIM-niň metbugat üçin habarynda aýdylýar.

"Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly häsiýetleriniň ýüze çykýan ähli meseleleri we kynçylyklary ýeňip geçjekdigine, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň döwlet we jemgyýet institutlarynyň durnukly ösüşini üpjün etjekdigine berk ynanýarys" diýip, habarda bellenýär.

Şeýle-de, Özbegistanyň ýakyn goňşusy hökmünde, bu ýurt bilen doganlyk, dostluk we ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen baglanandygy üçin, Türkmenistan bu habar arkaly özüniň zerur bolan goldawy we ýardamy bermäge taýýardygyny mälim edýär.

Garagalpagystanda aýyň başynda bolan tolgunyşyklar güýç bilen basylyp ýatyrylanda 18 adamyň heläk bolandygy habar berildi. Türkmen mediasy, adatça bolşy ýaly, goňşy ýurtdaky wakalar we olaryň mümkin bolan sebäpleri barada hiç bir maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG