Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi galp maglumatlardan howatyrlanyp, Garagalpagystanda internetiň çäklendirilendigini ykrar etdi


Garagalpagystanyň paýtagty Nukusda geçen köpçülikleýin protestler
Garagalpagystanyň paýtagty Nukusda geçen köpçülikleýin protestler

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi "galp habarlaryň" ýaýramagynyň we "raýatlaryň konstitusiýa garşy çärelere gatnaşmagynyň" öňüni almak maksady bilen Garagalpagystanda internet wagtlaýyn çäklendirildi diýip, maglumat ýaýratdy. Bu barada Gazeta.uz. neşiri ýazýar.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň bu barada çap eden beýanatynda, Garagalpagystanyň paýtagty Nukusda bolup geçen wakalar barada "aýry-aýry habar beriş serişdeleri we adam hukuklary guramalary ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp, her dürli çaklamalary we ygtybarsyz habarlary ýaýratmazlyk üçin", şeýle karara gelnendigi aýdylýar.

"Parahatçylykly ýörişi dargatmak", "garaşsyz sesleri dymdyrmak we maglumatlary petiklemek", şol sanda adatdan daşary ýagdaýy girizmek üçin, bikanun güýç ulanylandygy barada, esassyz aýyplamalar öňe sürülýär. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Garagalpagystanda bolup geçýän wakalary aýdyňlaşdyrmak we has jikme-jik we obýektiw maglumaty bermek isleýär" diýip, beýanatda bellenýär.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda ýene şeýle diýilýär: “2022-nji ýylyň 1-2-nji iýulynda Nukus şäherinde, Özbegistan Respublikasynyň konstitusion tertibini, territorial bitewiligini we jebisligini bozmak synanyşygy edildi. Konstitusiýa giriziljek üýtgeşmeleri umumy milli ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenen çärelere garşy çykmak bahanasy bilen bir topar jenaýatçy zorlukly hereketleri, çaknyşyklary döretdi we döwlet edaralarynyň binalaryny zor bilen ele geçirmäge synanyşdy”.

“Bu bikanun hereketler parahatçylykly, agzybir, demokratik ýurdy durnuksyzlaşdyrmaga we separatizmi öjükdirmäge öňünden meýilleşdirilen niýetleriň alamatlaryny görkezdi. Aragatnaşyk we internet ulgamlary arkaly duşmançylykly güýçler populist şygarlar bilen galp habarlary ýaýradyp, raýatlary konstitusiýa garşy çärelere köpçülikleýin çekmäge synanyşdy. Bu ýagdaý internet aragatnaşygyny wagtlaýyn çäklendirmek çärelerini görmäge mejbur etdi" diýip, daşarky syýasat edarasynyň beýanatynda düşündirilýär.

“Köpçülikleýin bibüzgünçilikler we zorluklar bilen parlamentiň binasy Jokargy Kenese hüjüm etmek, Nukus şäheriniň Içeri işler bölümini hem-de Milli gwardiýa bölümini ele geçirmäge birnäçe gezek synanyşyk edildi, kanun goraýjy edaralaryň işgärlerinden zamun aldylar, şonuň bilen birlikde oda bermek, döwletiň, jemgyýetçiligiň we şahsy emlägiň zaýalanmagyna we ýok edilmegine ýol berdiler, şäheriň infrastrukturasyna ep-esli zyýan ýetirildi” diýip, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

“Hüjümler wagtynda 107 kanun goraýjy işgär agyr beden şikeslerini aldy, olardan 23 adamyň ýagdaýy agyr. Umumylykda, döwlet edaralaryndan bolan jemi 270 işgär dürli agyrlykda şikes aldylar" diýip, resmi beýanatda bellenýär.

“Bidüzgünçiligi döredýänleriň eden-etdiligi, adamlaryň aňyny bulaşdyrmagy raýatlaryň parahatçylykly demonstrasiýasy hökmünde häsiýetlendirilip bilinmez, bu bir topar adamyň prowokasiýa hereketleriniň netijesi boldy. Bidüzgünçilige işjeň gatnaşanlaryň aglaba köplügi neşe ulanan we alkogol içgileri içen adamlar" diýip, resmi beýanatda aýdylýar. Mundan öň Milli gwardiýa parahat ilatdan ölen 14 adamyň 13 sanysynyň serhoş ýagdaýda bolandygyny, şeýle hem 4 harby işgäriniň ölendigini habar berdi.

“Häzirki wagtda Garagalpagystanda bolup geçen wakalar boýunça derňew çäreleri alnyp barylýar. Adam hukuklary baradaky halkara şertnamalara gatnaşýan Özbegistan aç-açan, garaşsyz we bitarap derňew ýörelgelerini doly berjaý etmegi maksat edinýär, şeýle hem adalatly kazyýet işiniň kepillendirilmegini üpjün edýär. Derňewiň netijeleri degişli halkara guramalarynyň dykgatyna ýetiriler” diýlip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

“Häzirki wagtda Garagalpagystanyň çäginde aragatnaşyk serişdeleri doly işleýär, azyk dükanlary, bazarlar, çörek kärhanalary, banklar, hassahanalar we beýleki jemgyýetçilik desgalary işleýär. Elektrik üpjünçiligi, gaz we suw kadada bolşy ýaly üpjün edilýär. Özbegistanyň degişli döwlet edaralary Garagalpagystandaky häzirki ýagdaý barada, halka her gün habar berýär. Şuňa laýyklykda, maglumata elýeterliligiň ýokdugy baradaky beýanatlar esassyz" diýip, Özbegistanyň ministrligi mälim edýär.

Daşary işler ministrligi ähli habar beriş serişdelerini we adam hukuklaryny goraýjy guramalary "gyssagly netijelerden we birtaraplaýyn beýanatlardan gaça durmak bilen, Garagalpagystandaky wakalara obýektiw çemeleşmäge" çagyryş edýär.

1-2-nji iýulda Nukusda bolan bidüzgünçilikler netijesinde, 243 adamyň ýaralanandygyny, şol sanda 38 kanun goraýjy işgäriniň bardygyny 4-nji iýulda habar berildi. 149 adam ilkinji kömegi aldy we olara öýlerine gitmäge rugsat berildi. Häzire çenli 94 adam keselhanalarda galdy, olaryň arasynda agyr ýaralanan hem bar.

Gazeta.uz, bir hepdeden gowrak wagt bäri Garagalpagystanda internetiň çäklendirilendigini, köp terminallaryň, bankomatlaryň işlemeýändigini, hökümet we beýleki hyzmatlaryň elýeterli däldigini ýazdy. Olar indi kem-kemden dikeldilýärler.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Mişel Baçelet Garagalpagystanda bolup geçen wakalar boýunça aç-açan we garaşsyz derňewleriň zerurdygyny aýtdy hem-de internete girmegi çäklendirmezlige çagyryş etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG