Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ogly bilen kenarda gezim etdi, raýatlar çäklendirmeleriň köpelendigini aýdýarlar


S.Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen Saud Arabystanyna sapar edýän wagtynda. Arhiw suraty
S.Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen Saud Arabystanyna sapar edýän wagtynda. Arhiw suraty

Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenaryna çykyp, ogly Kerimguly bilen gezelenç etdi, welosiped sürdi we sport maşklaryny ýerine ýetirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginiň 5-nji awgustdaky sanynda habar berildi. Ol häkimiýet başyna geçeninden soň daşary ýurda eden ilkinji saparynda hem ogluny ýoldaş edinipdi.

Türkmenistanyň prezidenti häzir dynç alyşda we mundan öň onuň Hazar kenarynda bina edilen “Rowaç” kottejler toplumyny dabaraly ýagdaýda açandygy habar berildi.

Türkmen metbugaty onuň ozalky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn durmuş ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýändigini aýdýar.

Prezidentiň göreldesine eýerip, ýurduň ýolbaşçylar düzüminiň “Awazada” dynç alýan wekilleri hem köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerine gatnaşdylar diýip, habarda aýdylýar.

Azatlygyň ýerli habarçylary hökümet ýolbaşçylarynyň "Awazada" dynç almagynyň raýatlar üçin dürli çäklendirmeleriň girizilmegine, VPN ulanýanlara garşy alnyp barylýan göreşiň güýçlenmegine getirendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG