Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa rus ilerlemesiniň 'haýaldygyny', Kiýew basybalyjylaryň öňe dyzaýandygyny aýdýar


Donbas ilatyny ewakuasiýa edýän otly. Pokrowsk, Donetsk sebiti, 7-nji awgust, 2022
Donbas ilatyny ewakuasiýa edýän otly. Pokrowsk, Donetsk sebiti, 7-nji awgust, 2022

Russiýa gündogar Donetsk sebitindäki ukrain pozisiýalaryna edýän hüjümlerini dowam etdirip, Ukrainanyň günortasyndaky "goranyşlaryny güýçlendirýär", ýöne Moskwanyň bu künjekde soňky bir aýyň içinde gazanan "iň uly üstünligi” bary-ýogy 10 kilometr çemesi öňe süýşmek boldy diýip, Angliýanyň harby aňtaw gullugy aýdýar.

Britan aňtaw gullugynyň 9-njy awgustda beren soňky maglumatyna görä, rus güýçleri Donetskiniň, uly bölegi sekiz ýyl bäri Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçiliginde galýan iki sebitiň biriniň beýleki ýerlerinde üç kilometrden kän öňe süýşüp bilmedi.

Öňe süýşmegiň bu hili depgini, elbetde, "meýilleşdirilişinden kän pes bolup görünýär” diýip, harby aňtaw gullugy aýtdy.

"Bu sebitlerde artilleriýany köp ulanmagy dowam etdirmegine garamazdan, Russiýa has düýpli ilerleme gazanmak üçin zerur bolan pyýada goşun güýçlerini ýetişdirip bilmedi” diýip, aňtaw habarynda bellenýär.

Britan aňtaw gullugy bir gün öň, 8-nji awgustda Russiýanyň öz goranyş liniýalaryny gorajak we saklajak bolup ulanýan minalary barada hem duýduryş berdi. Pyýada goşuna garşy ulanylýan minalar hem harby gullukçylar, hem ýerli ilat üçin ullakan howp-hatar döredýär.

Rus goşunlarynyň gündogar Donetsk sebitindäki Bahmut we Awdiýiwka şäherlerine garşy hüjümini dowam etdirmegi bilen, duşman ukrain güýçlerine mümkin boldugyça kän ýitgi çekdirmäge synanýar diýip, Ukrain goşunynyň baş ştaby 9-njy awgustda, irden aýtdy.

Artilleriýa hem-de ukrain goşun bölümlerini front liniýalaryndan gysyp çykarmak üçin edilýän beýleki gury ýer operasiýalaryna goldaw bermek maksady bilen, rus howa güýçleri Donetsk ugrundaky harby desgalary bombalamagy dowam etdirdi diýip, habarda aýdylýar.

Söweş meýdanyndan berilýän maglumatlary, çalt ýagdaýda üýtgeýän çaknyşyk sebäpli, haýsy tarapyňky bolandygyna garamazdan, garaşsyz şertlerde tassyklamak kyn.

Emma Kiýewiň harby meýilleşdirijileri öz güýçleriniň Iwano-Dariýwka, Bahmut we Zaýtsew töweregindäki birnäçe ilatly nokatda ruslaryň aňtaw hem-de hüjüm operasiýalaryny yzyna serpikdirendigini aýtdy.

Olaryň sözlerine görä, Awdiýiwka bilen Krasnohoriwkanyň töwereginde eden böwüsmek synanyşyklaryndan soň, rus goşunlary yza çekilmäge mejbur boldy.

Emma Kiýew Russiýanyň iki sany harby gämisiniň Ukrainanyň Gara deňiz kenarlarynda söweşe taýýar edilendigini, olaryň “Kalibr” ganatly raketalary bilen ýaraglanandygyny aýtdy.

Şu aralykda, Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna hepde aýagynda atylan top oklary zerarly, Ýewropanyň iň uly atom desgasynda bolmagy mümkin betbagtçylyk baradaky halkara aladasy saklanyp galýar.

Ukrainanyň “Enerhoatom” ýadro energiýasy kompaniýasynyň başlygy, ýadro betbagtçylygynyň öňüni almak üçin, Zaporižýany harby-erkin zona diýip yglan etmäge çagyrdy.

Zaporižýe bäş aýlyk urşuň başynda elden giderildi, emma bu ýerdäki ýadro elektrik stansiýasy ukrain işgärleri tarapyndan işledilýär.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş 8-nji awgustda “ýadro desgasynyň golaýyndaky islendik hüjümiň öň janyňa kast etmäge barabardygyny” duýduryp, halkara inspektorlarynyň Zaporižýa barmagyna ygtyýar berilmegine çagyrdy.

"Interfaks" habar gullugynyň 8-nji awgustda Russiýanyň bellän ýerli dolandyryş ýolbaşçysyna salgylanyp ýazmagyna görä, gürrüňi edilýän ýadro desgasy häzir "kadaly" işlemegini dowam etdirýär.

Şu aralykda Waşington we Bütindünýä banky Ukraina has köp goldaw berjekdigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy (USA AID) 8-nji awgustda Waşingtonyň 4,5 milliard dollar möçberinde goşmaça maliýe kömegini berip, Russiýanyň fewral aýynda başlan urşundan bäri berilýän býujet goldawyny iki esse ýokarlandyrjakdygyny aýtdy.

Bütindünýä banky özüniň gyssagly zerurlyklara, şol sanda saglygy goraýşa, pensiýa we sosial töleglere gönükdirilen ABŞ grantyny durmuşa geçirjekdigini aýtdy.

Mundan başga, “Roýters” habar gullugy Russiýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň we BMG-niň Gara deňiz arkaly ukrain dänesini eksport edýän gämiler üçin 10 deňiz mili aralygynda bufer zonasyny üpjün etmek wadasyny berýän resminamasy barada habar berdi.

Köpden bäri garaşylýan proseduralar uruş başlanaly bäri Ukrainanyň portlarynda galan millionlarça tonna gallanyň gabawyny açmak üçin alnyp barylýan halkara tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.

Forum

XS
SM
MD
LG