Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýazyjy Salman Ruşdi Nýu-Ýorkda çykyş etjek sahnasynda pyçaklandy


Salman Ruşdi
Salman Ruşdi

Nýu-Ýorkda guralan edebi çärede çykyş etmezinden öň, sahnada pyçaklanan ýazyjy Salman Ruşdi, wekiliniň aýtmagyna görä, bagryna we nerwisine ýeten zyýan sebäpli hassahanada, emeli dem aldyryş ýagdaýynda galýar. Ony pyçaklan adamyň Nýu Jersi ştatynyň 24 ýaşly ýaşaýjysy Hadi Matardygy aýdyldy.

Eýran režiminiň yglan eden ölüm fetwasy zerarly ençeme ýyl gizlenip ýaşan ýazyjy Salman Ruşdi Nýu-Ýorkda guralan çärede, leksiýa berjek sahnasyna hüjüm eden erkek tarapyndan boýnundan pyçaklandy.

Ruşdi tanyşdyrylýan wagtynda sahna topulan erkek oňa we söhbetdeşlik geçirjek adama hüjüm etdi diýip, Nýu-Ýork ştatynyň polisiýasynyň 12-nji awgustdaky beýanatynda aýdylýar.

"Ruşdi boýnundan görnetin pyçak ýarasyny aldy we dikuçar bilen etrap hassahanasyna äkidildi. Onuň ýagdaýy entek belli däl" diýip, beýanatda aýdylýar.

Ştatyň çäräniň geçirilýän ýerine gözegçilik edýän harby gullukçysy güman edilýän adamy derhal tussag etdi. Ýazyjy bilen söhbetdeşlik geçirmeli adamyň kellesine kiçiräk ýara düşdi.

Ýazyjynyň metbugat wekili Endrýu Waýli Ruşdiniň operasiýa edilendigini aýtdy, ýöne goşmaça maglumat bermedi.

Nýu-Ýorkuň gubernatory Keti Hoçul (Kathy Hochul) onuň diridigini we "zerur kömegi alýandygyny" aýtdy.

Hüjüm Nýu-Ýorkuň Çautukuadaky Çautukua institutynda boldy.

75 ýaşly Ruşdi Eýranda gadagan edilen "Şeýtan aýatlary" romanynyň, köp musulman tarapyndan hudaýa şek ýetirmek hasaplanýan kitabyň awtory bolup durýar. Bu kitap 1988-nji ýylda çap edilenden bir ýyl soň, Eýranyň şol wagtky lideri Aýatolla Ruhollah Homeýni Ruşdiniň ölümine çagyrýan fetwa çykardy.

Eýranyň hökümeti Homeýniniň fetwasyndan çekeräk durdy, emma Ruşdä garşy duşmançylyk uzak saklandy.

Eýranyň ýarym resmi dini gaznasy 2012-nji ýylda Ruşdiniň öldürilmegi üçin tölenjek tölegi 2,8 million dollardan 3,3 million dollara çykardy.

Fetwa sebäpli köp ýyllap gizlenmäge mejbur bolan Ruşdi şol bir wagtda adamlaryň öz kellesine goýlan baýrak bilen gyzyklanýandygyny görkezýän deliliň ýokdugyny aýdyp, janyna abanýan howpy ret etdi.

Edebiýat boýunça Nobel baýragyny berýän Şwed instituty 2016-njy ýylda Eýranyň fetwasyny ýazgardy we Ruşdiniň ölümi üçin goýlan pul baýragynyň halkara hukugyny "gödek" bozýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG