Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetsk sebiti topa tutulýar, ukrain güýçleri Hersonda ilerleme gazanýar


Mikolaýw şäheri. 13-nji awgustdan 14-nji awgusta geçilen gije atylan toplaryň döreden weýrançylyygy. 2022.
Mikolaýw şäheri. 13-nji awgustdan 14-nji awgusta geçilen gije atylan toplaryň döreden weýrançylyygy. 2022.

Rus güýçleri öten agşam Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitini agyr top okuna tutdular, Kiýew resmileri hüjümleriň köpüsini yzyna serpikdirýändiklerini we günortadaky Herson sebitinde giderilen ýerleri yzyna alýandyklaryny aýdýarlar.

Prezident Wolodymyr Zelenski 14-nji awgustda eden gijeki çykyşynda, rus güýçleriniň agyr we yzygiderli bombalamagyna garamazdan, "biz ähli derejelerde we ähli ugurlarda söweşmeli, döwletimizi mümkin boldugyça berkitmeli, agzybirligimizi gorap saklamaly we öz anti-uruş koalisiýamyza has-da kän ýurdy çekmeli" diýdi.

"Ukraina näçe güýçli bolsa, Russiýa şonça-da ejiz bolar we şu sebäpden bu uruş kän uzaga çekmän soňlanar” diýip, ol Kiýewiň halkara jemgyýetçiligini Russiýa garşy täze sanksiýalary, hususan-da rus raýatlarynyň hereket azatlygyny naşana alýan gadaganlyklary girizmäge çagyrýandygyny belledi.

Ukrain goşuny Krym bilen serhetleşýän we günorta Ukrainanyň 24-nji fewralda başlanan uruşdan soň gysga wagt içinde ruslaryň eline geçen Herson sebitini yzyna almak üçin indi birnäçe hepde bäri garşylyklaýyn hüjüme geçmäge taýýarlanýar.

Hususan-da Donetsk howa menziliniň golaýyndaky Piski obasyna gönükdirilen agyr söweş boldy, Britan goranmak ministrliginiň 15-nji awgustda beren maglumatyna görä, Moskwa bu sebiti Russiýa birikdirmek üçin meýilleşdirýän referendumyny geçirmek işini çynyrgadýana meňzeýär, şol bir wagtda “bu ses berişligi geçirmek bardaky gutarnykly kararyň kabul edilip-edilmändigi hem belli däl”.

"Harby güýçleriň Donetsk sebtini tutuşlygyna basyp almagyň hötdesinden gelip bilmezligine Kreml özüniň şu wagta çenli Ukrainada tutan maksimal maksatlaryna ýetmeginiň öňünde dörän päsgelçilik hökmünde seretjege meňzeýär” diýip, britan aňtaw gullugynyň twitterdäki gündelik habarynda aýdylýar.

Şu aralykda, Ýewropanyň Zaporižýadaky iň uly ýadro elektrik desgasyndaky ýagdaý halkara jemgyýetçiligi üçin uly alada bolmagynda galýar.

Zelenski hepde ahyrynda bu desga atylan top oklarynyň radiasiýa syzdyrmak howpuny ýokarlandyrandygyny duýdurdy.

Russiýa öz goşunlarynyň bu desgada ýerleşendigini inkär etmeýär, ýöne sebiti topa tutandygy barada aýdylýanlary boýun almaýar.

Muňa derek, Moskwa ukrain güýçlerini aýyplaýar we olaryň bu sebitde artilleriýa toplaryny atýandygyny öňe sürýär. Kiýew resmileri bu aýdylýanlary ret edýärler.

Ýadro desgasy Russiýanyň gözegçiliginde bolsa-da, elektrik stansiýasynyň ýadro amallary ukrain işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Ol 24-nji fewralda başlanan çozuşdan kän wagt geçmänkä, mart aýynyň başynda rus goşunlarynyň eline geçen Enerhodar şäherinde ýerleşýär.

"Rus harby işgärleriniň we ýaraglarynyň ýadro desgasynda ýerleşdirilmegi kabul ederlik däl we bu ýagdaý Halkara atom energiýasy agentliginiň ähli agzalarynyň hormat goýmagyny talap edýän howpsuzlyk, berk gorag we kepillik ýörelgelerini bozýar" diýip, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 14-nji awgustda, 42 ýurduň gol çekmeginde çap edilen beýanatda aýdylýar.

Forum

XS
SM
MD
LG