Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG ýadro saparyny gijikdirendigini inkär edýär, Zelenski 'ýan bermezlik’ duýduryşyny berýär


 Zaporižýedäki ýadro elektrik stansiýasy
 Zaporižýedäki ýadro elektrik stansiýasy

Ukrainanyň basylyp alnan ýadro elektrik stansiýasy baradaky aladalaryň çäginde, bu desganyň töwereginiň topa tutulmagy hem-de ukrain güýçleriniň we basybalyjy goşunlaryň bir-birini aýyplamagy bilen bagly habarlar arasynda, BMG halkara gözegçilerini Zaporižýe desgasyna ibermek meselesindäki gijikmä özüniň sebäp bolandygy hakynda aýdylýanlary ret etdi.

Howpsuzlyk toparlarynyň tüpeň astynda işlemegi we ruslaryň Ýewropanyň iň uly ýadro desgasy bolan Zaporižýede sowet döwrüne degişli alty sany reaktory işe girizip, energiýa önümçiligine başlamaga taýýarlanýandygy barada aýdylýanlar ukrain we halkara duýduryşlarynyň ýygjamlaşmagyna getirdi.

BMG-niň metbugat wekili Stefan Dujarrik 15-nji awgustda Nýu-Ýorkda bütindünýä guramasynyň ýadro gullugynyň, Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) özbaşdak hereket edýändigini, ýöne bu sapar barada ukrain we rus taraplarynyň ylalaşmalydygyny aýtdy.

Dujarrik “munuň beýle däldigini”, BMG-niň ýerine ýetiriji guramasynyň HAEA-nyň etjek ol ýa beýleki saparyny yza süýşürip bilmeýändigini belledi.

"BMG sekretariatynyň Zaporižýe saparynyň öňüni baglamak ýa-da ony ýatyrmak hukugy ýok" diýip, ol aýtdy. "Ýöne bu ýerde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ylalaşyk baglaşylmagy zerur" diýip, Dujarrik sözüniň üstüni ýetirdi.

BMG-niň düşündirişleri Moskwanyň Halkara atom energiýasy gullugynyň hünärmenleriniň Zaporižýa baryp görmegine ýol açmak üçin "zerur bolan ähli zady" etjekdigini wada bermeginiň we Russiýanyň goranmak ministriniň BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bilen desgadaky ýagdaý barada gepleşendigi barada çykan habarlaryň yz ýanyndan edildi.

Guterriş Zaporižýe töwereginde, Ukrainanyň günorta-gündogarynda, Russiýanyň bäş aýlyk urşunda söweş merkezine öwrülen sebitiň golaýynda ýaragsyzlandyrylan zonanyň döredilmegine çagyrdy.

Moskwanyň bu meseledäki öwrülişigi dünýäniň 42 ýurdy rus ýaragly güýçleriniň bu ýerde bolmagyny ‘uly howp’ atlandyryp, Moskwa goşunynyň Ýewropanyň iň uly ýadro desgasyndan çykarylmagyna çagyrýan beýanata gol çekeninden bir gün soň boldy.

Kiýew we käbir günbatar liderleri Moskwany Ukrainanyň ýadro desgalaryna edýän hüjümleri arkaly ‘ýadro şantažyny’ etmekde, şeýle-de, eger-de Ukrainanyň tarapdarlary Kremliň diýýän gyzyl çyzyklaryndan geçse, özüniň çaklanylýan ýadro arsenalyny ýerleşdirmek haýbatlaryny atmakda aýyplaýarlar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 15-nji awgustda, gije eden wideo ýüzlenmesinde halkara jemgyýetçiliginiň rus hereketleri sebäpli Zaporižýede bolup biljek hadysanyň ýa-da beýleki heläkçilikli wakalaryň öňüni almak üçin hereket etmelidigini aýtdy.

"Eger-de dünýä häzir bir ýadro elektrik desgasyny goramak üçin güýç-kuwwatyny we aýgytlylygyny görkezip bilmese, bu dünýäniň utulandygyny aňladar" diýip, "Roýters" habar gullugynyň maglumatyna görä, Zelenski aýtdy. "Bu dünýäniň terrorçylykdan ýeňildigi we ýadro şantajlaryna ýan berdigi bolar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski hepde aýagynda ýadro desgasyn atylan top oklarynyň onuň radiasiýa syzdyrmak howpuny ýokarlandyrandygyny duýdurdy. Russiýa öz goşunlarynyň ol ýerde ýerleşendigini inkär etmeýär, ýöne sebiti topa tutandygy baradaky aýyplamalary inkär edýär we bu meselede ukrain güýçlerini aýyplaýar.

Emma Kiýew resmileri hem öz güýçleriniň bu sebitde artilleriýa toplaryny atandygy baradaky aýyplamalary ret edýärler.

Ýadro desgasyndaky ýagdaý Milletler guramasynda we BMG-niň ýadro energiýasyna gözegçilik edýän gullugynda, HAEA-da ullakan howsala döretdi. Bu guramalaryň ikisi hem HAEA-nyň gözegçileriniň Zaporižýedäki ýadro desgasyna baryp görmeklerine rugsat berilmelidigini aýtdy.

"Agentlik we onuň ýolbaşçylary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, HAEA-nyň hünärmenleriniň stansiýa baryp görmegi üçin, biz zerur bolan ähli zady ederis" diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa 15-nji awgustda eden beýanatynda aýtdy.

Moskwa biraz soň Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň Guterriş bilen Zaporižýe desagasynyň howpsuzlygy barada gürleşendigini aýtdy, ýöne anyk maglumat bermekden saklandy.

Guterrişiň edarasy bu söhbetdeşligi ýa-da onuň mazmunyny bada-bat tassyklamady we metbugat wekili Dujarrigiň aýdan sözleriniň Şoýgu bilen edilen ol ýa-da beýleki gürrüňi yşarat edýändigi ýa däldigi belli däl.

Dünýäniň 42 ýurduň 14-nji awgustda eden beýanaty Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagyny ýazgarmak bilen bir hatarda, rus harby güýçleriniň ukrain ýadro desgasynda bolmagynyň Moskwadaky häkimiýetleriň ýadro we radiasiýa howpsuzlygy babatda boýun alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň öňüni alýandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG