Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky protestleriň gimnine öwrülen aýdymy döreden aýdymçy tussag edildi


 Şerwin Hajipur
Şerwin Hajipur

Eýranly aýdymçy Şerwin Hajipur ýakynda hökümete garşy protestleriň tutuş ýurdy gaplap almagy barada döreden aýdymyny instragramda ýerleşdirip, tussag edilmek howpuna sezewar boldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Pars gullugy ýaş aýdymçynyň 29-njy sentýabrda, Tähran polisiýasynyň işgärleri tarapyndan tussag edilendigi barada maglumat aldy. Häzirlikçe onuň nirede saklanylýandygy belli däl. Şeýle-de, aýdymça garşy nähili aýyp bildirilendigini anyklap bolmaýar.

Hajipouryň aýdymy sosial media platformasyndan aýrylmazdan öň 40 milliondan gowrak adamyň gözüne ildi.

Bu aýdym 16-njy sentýabrda tussag edileninden soň polisiýa gözegçiligi astynda ýogalan 22 ýaşly Mahsa Amininiň ölümi sebäpli dörän halk gaharyna esaslanýar. Onuň ölümi ýurtda iki hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýän gündelik protestlere alyp geldi.

Şu aralykda eýranlylar we olaryň tarapdarlary 1-nji oktýabrda, Mahsa Amininiň ölümi sebäpli ýurt içinde guralýan protestlere raýdaşlyk görkezip, dünýäniň 160-a golaý şäherinde proteste çykdylar.

Dünýäniň 159 şäherinde, şol sanda Oklend, Nýu-Ýork, Seul we Zýurih şäherlerinde ýygnanyşyklar guraldy diýip, Eýranlylaryň Adalat we adam hukuklary boýunça hökümetden aýry guramasy aýtdy.

Eýranyň içindäki protestler, häkimiýetleriň gazaply basyp ýatyrmalaryna garamazadan, 30-njy sentýabrda, 15-nji gününde hem dowam etdirildi.

Eýranlylaryň Adalat we adam hukuklary guramasy bu protestleriň çäginde 80-den gowrak adamyň ölendigini öňe sürýär.

Şu aralykda, Yslam rewolýusiýasynyň goragçylarynyň 1-nji oktýabrda beren habaryna görä, Eýranyň howpsuzlyk güýçleri bilen ýurduň günorta-gündogaryndaky ýaragly separatistleriň arasynda bolan çaknyşykda azyndan 20 adam öldi.

XS
SM
MD
LG