Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri adam hukuklary baradaky maslahata gatnaşýar


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň fotosuraty
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň fotosuraty

“Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy” boýunça 2020-2023 ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäginde, türkmen delegasiýasy Fransiýanyň Strasburg şäherinde geçirilýän 4 günlük maslahata gatnaşýar diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi habar berýär.

Bu maslahat Türkmenistanda 2002-nji ýylyň noýabrynda ýurduň prezidentiniň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş bilen bagly ozalky resmileriň onlarçasynyň ýapyk kazyýet işleri arkaly türmä basylanyna 20 ýyl bolmagynyň öň ýanyna gabat geldi.

3-nji oktýabra başlanan maslahatda, habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Ýewropa geňeşiniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gelejegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmen toparynyň düzümine Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Saparyň dowamynda “Merkezi Aziýada hukuk arkaly Demokratiýa üçin Ýewropa komissiýasy (Wenesiýa komissiýasy), Merkezi Aziýada hukukçylar üçin adam hukuklary çygrynda bilim boýunça Ýewropanyň maksatnamasy (HELP) bilen bagly meseleleri”, Ýewropa geňeşiniň Mejlisi bilen, ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça (CA TAEC) hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, resmi habarda aýdylýar.

Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan esasy adam hukuklaryny yzygiderli basgylamakda onlarça ýyl bäri tankyt edilýär. Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda garaşsyz hukuk goraýjylaryň, žurnalistleriň erkin işmegine ýol bermezlik bilen bir hatarda, anyk adamlaryň ykbaly bilen bagly meseleler boýunça hem metbugata açyk düşündiriş bermekden ýüz öwürýär.

XS
SM
MD
LG