Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri giderilen ýerlerde öňe dyzaýar, Putin ‘durnuklaşdyrma’ wadasyny berýär


Donetsk sebiti, ukrain güýçleriniň golaýda azat eden şäherleriniň birindäki ýazgynyň ýanynda duran ýaşuly
Donetsk sebiti, ukrain güýçleriniň golaýda azat eden şäherleriniň birindäki ýazgynyň ýanynda duran ýaşuly

Prezident Wladimir Putiniň bölekleýin basylyp alan ýerleri Russiýanyň çägine goşup, goňşy ýurduň dört sebitindäki ýagdaýyň "durnuklaşmagyna" garaşýandygyny aýtmagyna garamazdan, ukrain güýçleri günortada we gündogarda öňe süýşmeklerini we Moskwanyň eýelän ýerlerini yzyna almagy dowam etdirýärler.

Şeýle-de Putin öz hökümetiniň Russiýanyň gol astynda galýan Zaporižýa sebitinde ýerleşýän ýadro elektrik stansiýasyny derrew gözegçiligine almagyny buýurdy. Bu ýagdaý Halkara atom energiýasy agentliginiň, BMG-niň ýadro gullugynyň başlygy Rafael Grossiniň, Ýewropanyň iň uly ýadro desgasy barada gyssagly maslahatlaşmak üçin, derrew Kiýewe ugramagyna sebäp boldy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 5-nji oktýabrda eden gijeki çykyşynda Nowewoskresenske, Nowohrihoriwka we Herson şäheriniň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Petropawliwka şäherçeleriniň "azat edilendigini" aýtdy.

Donetsk, Luhansk we Zaporižýa bilen birlikde, Herson Kremliň resmi taýdan bölekleýin ele geçiren dört sebitiniň biriniň paýtagty bolup durýar.

Zaporižýanyň ukrain gubernatory Oleksandr Staruh 6-njy oktýabr güni irden, rus güýçleriniň topa tutmagy netijesinde, öten agşam azyndan iki adamyň ölendigini aýtdy. Şeýle-de ol birnäçe ýaşaýyş jaýynyň ýykylandygyny ýa-da zyýan çekendigini, uly ýangyn turandygyny aýtdy.

Gündogar Luhanskda, fewral aýynda Moskwanyň başlan sebäpsiz çozuşyndan bäri doly diýen ýaly Russiýanyň gözegçiliginde bolan sebitde hem Ukraina rus güýçlerinden üstün çykýandygyny aýtdy.

Sebitiň ukrain häkimi Serhiý Haýdaý ukrain telewideniýesine Kiýew goşunynyň Luhanskdaky alty şäherçäni azat edendigini aýtdy. Ol rus goşunlarynyň bu ýerlere gaýtadan hüjüm etmek ähtimallygy sebäpli, yzyna alnan ilatly ýerleriň atlaryny aýtmakdan saklandy.

"Men, baş ştabyň resmi maglumatyna çenli, biraz saklanaýyn. Men diňe olaryň alty şäherçedigini aýdyp biljek” diýip, Haýdaý azat edilen ilatly nokatlaryň sanyny aýtmak bilen çäklendi.

Angliýanyň Goranmak ministrligi 6-njy oktýabrda çap eden gündelik habarynda ukrainleriň Hersonda öňe süýşendigini tassyk etdi.

"Günorta tarapa ilerläp, ukrain bölümleri front liniýasyny goşmaça 20 kilometre çenli aňryk süýşürdi" diýip, aňtaw maglumatynda aýdylýar.

Putin Moskwanyň basyp alan sebitlerine gözegçilik etmekde ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryny gytaklaýyn boýun aldy we ýagdaýyň “durnuklaşjakdygyna” umyt bildirdi.

"Biz täze territoriýalardaky ýagdaýyň durnuklaşmagy üçin tagalla edýäris" diýip, Putin 5-nji oktýabrda, telewideniýede görkezilen wideo şekilli maslahatda, rus mugallymlaryna ýüzlenip aýtdy.

Şeýle-de Putin rus döwletiniň Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna doly gözegçilik etmelidigini aýtdy. Bu göçüm Kiýew tarapyndan bada-bat ret edildi.

"Zaporižýa ýadro desgasy indi Russiýa Federasiýasynyň çäginde we, şu ýagdaýa laýyklykda, degişli edaralarymyzyň gözegçiligi astynda işlemeli" diýip, RIA habar gullugy daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşininiň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Mart aýyndan bäri rus güýçleriniň gözegçiliginde galýan ýadro desgasy henize-bu güne çenli ukrain inženerleri tarapyndan dolandyrylýar.

“Rosenergoatom”, Russiýanyň ýadro energiýasy boýunça operatory ukrain işgärleriniň rus eýeçiliginde döredilen täze gurama geçiriljekdigini aýtdy.

Ukrainanyň döwlet ýadro energiýasy kompaniýasy “Enerhoatom” Putiniň kabul eden kararynyň we Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasy baradaky beýleki resminamalarynyň "biderek, manysyz we ýeterlik däldigini" aýtdy.

HAEA-niň başlygy Grossi 5-nji oktýabrda otly bilen Kiýewe ugrandygyny we şu hepdäniň aýagynda Moskwa sapar etjekdigini aýtdy.

Grossi ýadro desgasynyň töweregindäki howpsuz zona boýunça geçirilýän gepleşikleriň öňkülerine garanda hem has möhüm bolandygyny nygtady.

Ukrain güýçleriniň Moskwa tarapyndan basylyp alnan dört sebitiň birnäçesinde depginli ilerlemeginiň dowam etmegi bilen, Russiýanyň ýokary derejeli kanun çykaryjylarynyň biri harby işgärleri söweşleriň barýan ýerlerindäki wakalar barada hakykaty aýtmaga çagyrdy.

"Biziň ýalan sözlemegi bes etmegimiz gerek" diýip, parlamentiň aşaky palatasynyň goranmak komitetiniň başlygy Andreý Kartapolow döwlet eýeçiligindäki metbugatyň bir žurnalistine aýtdy.

"Goranmak ministrliginiň berýän hasabatlary üýtgemeýär. Halk bilýär. Biziň halkymyz samsyk däl. Bu ynamyň ýitirilmegine sebäp bolup biler" diýip, ol aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG