Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda protestçiler Aýatolla Homeýniniň  öýüni otladylar


Tährandaky protestler
Tährandaky protestler

Eýranda anna güni gije demonstrantlar Yslam rewolýusiýasynyň lideri Aýatolla Homeýniniň muzeý hökmünde ulanylýan öýüni oda berdiler.

Otlamanyň wideoýazgylary "Azad İran" telegramma kanaly tarapyndan çap edildi.

"Tasnim" habar gullugy anna güni otlama baradaky aýyplamalary ret etdi we muzeýiň henizem gelýänler üçin açykdygyny aýtdy. Soňra “Roýter” neşir edilen wideolary seljerip, olarda Aýatolla Homeýniniň öýi görkezilýär diýen netijä geldi. Şeýle-de bolsa, žurnalistler wideolaryň haçan düşürilendigini anyklap bilmediler.

14-nji noýabrda Eýranyň sudy Tähranda hökümet binasyny otlamakda aýyplanýan bir adama ilkinji ölüm jezasyny berdi. Sud binanyň otlanmagyny "muharibe" - terrorçylyk hereketi diýip kesgitledi. Rewolýusion suduň beýleki iki bölümi ýene bäş demonstranty "milli howpsuzlyga garşy jenaýat etmek we dildüwşük gurmak hem-de jemgyýetçilik tertibini bozmak" üçin bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etdi.

Eýranda protestler sentýabr aýynda aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýjy 22 ýaşly Mahsa Amininiň polisiýada urlup, öldürilenden soň başlandy. Bir hepdede protestler tutuş ýurda, paýtagt Tährany öz içine alýan otuzdan gowrak şähere ýaýrady.

Eýranlylar polisiýanyň zorlugyna we has giňişleýin aýdylanda, Eýran häkimiýetleriniň başgaça pikir edýänlere rehimsiz basyş etmegine garşy çykýarlar. Protestleriň başyndan bäri aýallar hijaplaryny ýyrtyp taşladylar, käbirleri köpçülige ýakdylar we garşylyk görkezmek üçin saçlaryny kesdiler. Birnäçe günden soň demonstrantlar hökümete we ýurduň lideri Aýatolla Ali Hameneýä garşy "Diktora ölüm!" we "Hameneýi agdarylar!" şygarlaryny öňe sürdüler.

  • 1979-njy ýyldaky Eýran rewolýusiýasyndan soň kabul edilen düzgünlere görä, aýal-gyzlar köpçülikde hijap we uzyn eşik geýip, sadaja görünmeli. Düzgünleriň berjaý edilişine gözegçilik erkekleri we aýallary öz içine alýan polisiýa işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilýär.
XS
SM
MD
LG