Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Komissiýasy doňdurylan rus emläklerini konfiskasiýa etmek planlaryny teklip edýär


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula von der Leýen
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula von der Leýen

Ýewropa Komissiýasy 30-njy noýabrda Moskwanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşunyň arasynda doňdurylan rus emläklerini konfiskasiýa etmäge, şeýle-de Russiýanyň uruş jenaýatlary boýunça tribunaly esaslandyrmaga çagyrdy.

“Biz Russiýanyň Merkezi bankynyň 300 milliard ýewro ($310 milliard) serişdesini we rus oligarhlarynyň 19 milliard ýewro ($19,6 milliard) puluny doňdurdyk” diýip, Komissiýanyň prezidenti Ursula von der Leýen beýanat bilen çykyş etdi.

Ol bu serişdeleriň Russiýanyň hüjümi sebäpli Ukraina ýetirilen zyýanlaryň öwezini dolmak üçin ulanylyp bilinjekdigini aýtdy.

Ursula von der Leýen Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň howandarlygynda, “Russiýanyň agressiýasynyň jenaýatlaryny derňemek we jezalandyrmak üçin” ýörite sudy esaslandyrmagy teklip edýändigini belledi.

“Russiýanyň aýylganç jenaýatlary jezasyz galdyrylmaz” diýip, ol sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG