Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti Atambaýew özüniň sud diňlenişigini “sirk” atlandyrdy, suduň zalyndan çykaryldy


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazmbek Atambaýewiň üstünden geçýän sud diňleşigi. Bişkek. 1-nji dekabr, 2022 ý.
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazmbek Atambaýewiň üstünden geçýän sud diňleşigi. Bişkek. 1-nji dekabr, 2022 ý.

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew özüniň üstünden geçýän sud diňlenişigini “sirk” atlandyryp, saklanýan aýna gözegini depip başlanyndan soň, suduň zalyndan çykaryldy.

Atambaýew, şeýle-de başga ozalky üç resmi 2010-njy ýyldaky bu Merkezi Aziýa ýurdunda bolan ganly etniki çaknyşyklaryň dowamynda häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýarlar. Olaryň sud diňlenişigi 1-nji dekabrda, “Birinji Maý” etrap sudunda başlady.

66 ýaşly Atambaýew 2013-nji ýylda ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesiniň türmeden bikanun boşadylmagy bilen baglylykda 11 ýyl türme tussaglygyny geçýär.

Ol 2010-njy ýylyň iýunynda ýurduň günortasyndaky Oş we Jalal-Abad şäherlerinde ýüze çykan çaknyşyklaryň dowamynda, geçiji hökümete ýolbaşçylyk edýärdi.

Mundaň öň, hökümete garşy protestleriň netijesinde prezident Kurmanbek Bakiýew wezipesinden çetleşdirilipdi.

XS
SM
MD
LG