Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uruş haýallamaýar. Ukrain paýtagtynda ýyladyşyň doly dikeldilendigi aýdylýar


Ukrain esgerleri dron uçurýar
Ukrain esgerleri dron uçurýar

Kiýewiň şäher häkimi paýtagtda Russiýanyň soňky raketa zarbalarynda hatardan çykarylan ýyladyş ulgamynyň doly dikeldilendigini aýtdy.

Witaliý Kliçkonyň 18-nji dekabrda Telegramda ýerleşdiren habary Russiýanyň Ukrainanyň elektrik we suw infrastrukturasyna 100-e golaý raketa zarbasyny urmagynyň iki gün soňundan peýda boldy.

Bu zarbalar 24-nji fewralda başlanan urşuň dowamynda Ukaina edilen iň agyr bomba hüjümleriniň biri boldy.

"Şäher soňky urlan zarbalardan soň ähli hyzmatlary dikeldýär" diýip, Kliçko aýtdy. "Hususan-da, paýtagtyň ýylylyk üpjünçiligi ulgamy doly dikeldildi. Ýylylyk üpjünçiliginiň ähli çeşmesi kadaly işleýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrain we rus şäherleriniň köpüsinde bolşy ýaly, Kiýewde hem ýüzlerçe müň jaýy we kwartiralary ýylylyk we gyzgyn suw bilen üpjün edýän birnäçe merkezi ýyladyş desgasy bar.

Jaýlaryň arasynda öz gyzgyn suw gaýnadyjylaryny edinenleri hem bar; Russiýa şäher hyzmatlaryny hatardan çykarmak synanyşyklaryny güýçlendireninden soň, köp adam ykjam gyzdyryjylara ýa-da generatorlara serişde harçlady.

2,8 million ilatly şäher bolan Kiýewde we Ukrainanyň köp ýerinde 18-nji dekabrda howanyň derejesi noldan aşak düşüp, doňduryp barýan sowuk boldy.

“Ukrenerhonyň” tor operatory ýurduň demirgazygynda, günortasynda we merkezinde ýetirilen uly zyýanlary aradan aýyrmagyň, bejeriş işlerini geçirmegiň birneme wagt alyp biljekdigini duýdurdy.

"Möhüm infrastruktura desgalary, hassahanalar, suw üpjünçilik desgalary, ýylylyk berýän desgalar, lagym arassalaýjy desgalar ilkinji orunda abatlanar” diýip, döwlet eýeçiligindäki kompaniýa 16-njy dekabrdaky beýanatynda aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 16-njy dekabrda edilen hüjümlerde Ukrainanyň harby-senagat toplumynyň, energiýa we harby dolandyryş desgalarynyň käbir bölegine zarba urlandygyny aýtdy.

"Bu zarbalar netijesinde daşary ýurtlarda öndürilen ýaraglaryň we ok-därileriň getirilmeginiň öňi alyndy” diýip, ministrlik 17-nji dekabrda aýtdy. Şeýle-de, ministrlik bu hüjümlerde Ukrainanyň ýarag öndürýän kärhanalarynyň, harby enjamlarynyň we ok-därileriniň hatardan çykarylandygyny öňe sürdi.

Elektrik toruny we elektrik ulgamlaryny dikeltmek, täzeden gurmak üçin enjam soramakdan başga, Ukraina Russiýanyň atýan raketalaryny we ugradýan pilotsyz uçarlaryny urup ýykmak üçin has çylşyrymly howa gorag ulgamlary bilen hem üpjün edilmegini sorady.

Habar berilmegine görä, ABŞ resmileri howa gämilerine garşy ulanylýan “Patriot” raketa ulgamlaryny Ukraina ibermegi göz öňünde tutýarlar, rus resmileri bu ulgamlar berlen ýagdaýynda urşuň hasam güýçlenjekdigini duýdurdylar.

Şu aralykda, Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän Belgorod sebitinde 18-nji dekabr güni irden bolan topa tutmalarda bir adam ölüp, dört adam ýaralandy diýip, sebit gubernatory aýtdy.

Belgorod 24-nji fewralda başlan uruşdan bäri ýangyç we ok-däri ammarlary nyşana alnan we partladylan birnäçe rus sebitiniň biri bolup durýar.

Ukraina bu hili hüjümleriň jogapkärçiligini örän seýrek ýagdaýda öz üstüne alýar. Ýöne hünärmenleriň köpüsi bu hüjümleri ýa serhetaşa urulýan zarbalar, ýa-da Ukrainanyň gizlinlikde işleýän ýörite güýçleriniň işi diýip çaklaýarlar.

Rus harby güýçleri şol gün Herson şäheriniň merkezini, Moskwanyň Ukrainada alyp barýan urşunda yza çekilmäge mejbur bolan iň uly söweş meýdanyny hem topa tutdy.

Gyş urşy haýalladarmy?

Günbatar harby hünärmenleriniň käbiriniň sowuk howanyň urşuň depginini peseldip biljekdigi baradaky çaklamalaryna garamazdan, Russiýa Ukraina garşy alyp barýan urşuny gowşatmagyň hiç bir alamatyny görkezmedi.

18-nji dekabrda Moskwany soňky otuz ýyla golaý wagtda dekabr aýynda ýagan iň agyr gar basdy.

Russiýanyň iň uly harby türgenleşik meýdançalarynyň biri şäheriň daşynda ýerleşýär. Ukraina, howa şertlerine garamazdan, söweşi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Ukrainanyň baş ştaby 18-nji dekabr güni giçlik gündogardaky Donbasda barýan söweş wagtynda ruslaryň azyndan iki sany ok-däri ammaryny we uçara garşy ulgam pozisiýasyny ýok edendigini habar berdi.

Russiýa gazaply söweşleriň barýan we iki tarapdan-da agyr ýitgileriň çekilýän ýeri bolan Donbasa ýakynda goşuna çagyrylan müňlerçe esgeri ýerleşdirdi. Rus güýçleri bu ýerde indi birnäçe hepde bäri Donbasyň esasy logistika merkezini, Bahmuty ele geçirmäge synanyşýarlar.

Ukrain prezidentiniň geňeşçisi Oleksiy Arestowiç 400-den 800-e çenli esgerden ybarat rus bölümleriniň Bahmut şäheriniň golaýynda gabawa düşürilendigini aýtdy.

Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň 18-nji dekabrda urşa gatnaşýan goşunlary gözden geçirendigini aýtdy. Emma ministrlik Şoýgunyň nirede ýa-da haçan bolandygyny, onuň Donbasa baryp görendigini ýa-da görmändigini aýtmady.

Ministrlik Telegramda ýerleşdiren beýanatynda Moskwanyň uruş sözüne derek ulanýan sözüni ulanyp, Şoýgu "Günorta Harby etrabyna iş saparyny etdi we ýörite harby operasiýa sebitlerinde goşunlary gözden geçirdi" diýdi.

Şoýgu “front liniýasyndaky’, ýagny öň hatardaky harby gullukçylar bilen gürleşdi we harby işgärleriň "serkerdelik postunda" beren hasabatlaryny diňledi diýip, ministrlik habar berdi.

Şoýgunyň sapary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň adatça Goranmak ministrligi bilen her ýylda geçirýän giňeldilen duşuşygynyň birnäçe gün öňünden boldy. B duşuşygyň takyk senesi yglan edilmedi.

"Moskwa.Kreml.Putin" atly hepdelik telegepleşigiň alyp baryjysy Pawel Sarubin 18-nji dekabrda döwlet metbugatyna rus lideriniň ýakyn wagtda boljak ýygnakda "möhüm beýanatlary" etjekdigini aýtdy.

Habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, harby güýçleriň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin, Putin Russiýanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de tijendirmek talabyny öňe sürüp biler.

Russiýanyň ýaragly güýçleri uruş döwründe üpjünçilik we ýarag ýetmezçiliginden kösendi.

Putin geçen hepde geçirilen hökümet ýygnagynda ýarag meýilnamalarynyň düzedilmegini talap etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG