Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidentiniň gyzy mugallymlaryň mejbury zähmetden boşadyljakdygyny aýdýar


 Saida Mirziýoýewa
Saida Mirziýoýewa

Özbegistanda mugallymlary öz wezipeleri bilen baglanyşykly bolmadyk işlere çekenleri administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin kanun taslamasy işlenip düzüldi we ýakyn wagtda onuň kabul edilmegine garaşylýar.

"Zakowat" intellektual olimpiadasynyň netijeleriniň öňüsyrasynda çykan habary prezident administrasiýasynyň aragatnaşyk we maglumat syýasaty bölüminiň başlygy Saida Mirziýoýewa yglan etdi.

“Häzirki wagtda mugallym hökümet çärelerinde işleýän, öýme-öý aýlanyp, statistiki maglumatlary ýygnaýan tölegsiz işçi, bagban, arassalaýjy, ofisiant we mekdeplere gelýän barlagçylara hyzmat edýän aşpez, jemgyýetçilik iş toparlarynyň agzasy, içgysgynç çärelerdäki boş zallary doldurýan ‘köpçülik’, kärendeçilerden kreditleri we salgytlary ýygnaýjy, metbugata mejbury ýazylmaga jogapkär adam, gijeki gözegçi we mekdebiň goragçysy, şeýle-de ol kimdir biriniň maşgalasyndaky näsazlyklara we terbiýesiz çagalara jogapkär adam” diýip, prezidentiň gyzy ýurtdaky mugallymlaryň düşen ýagdaýyny resmi taýdan tassyk etdi.

“Eýsem, mekdep hakda, sapaklar hakda , çagalaryň bilimleri hakda kim pikir etmeli, bu ýagdaýda bilim nädip ösdürilip bilner?” diýip, S. Mirziýoýewa ritoriki sorag berýär.

Şol bir wagtyň özünde, prezidentiň uly gyzy we hökümet işgäri mugallymlary bilimden başga wezipelerden boşadyp biljek kanun taslamasynyň haçan kabul ediljekdigini aýtmady.

Mugallymlara bolan garaýşa täzeden garamak inisiatiwasyny ol geçen aý öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG