Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski, Baýden agzybirligi nygtady, ABŞ Ukraina "Patriot" raketalaryny berýär


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukrainadaky urşuň ýagdaýy barada bir bitewi pikir bilen çykyş etdi. 
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ukrainadaky urşuň ýagdaýy barada bir bitewi pikir bilen çykyş etdi. 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 21-nji dekabrda, Zelenski Ak tamda Baýden bilen duşuşanyndan soň, Ukrainadaky urşuň ýagdaýy barada bir bitewi pikir bilen çykyş etdi.

Zelenski bu duşuşykda Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň ýanynda berk durjakdygy, goldaw bermegini dowam etdirjekdigi barada has kän kepillik aldy.

Baýden Ukraina üçin 1,85 milliard dollarlyk täze howpsuzlyk bukjasyny yglan etdi, ol “Patriot” howa gorag batareýasyny hem öz içine alýar.

Zelenski bilen iki sagat dowam eden duşuşykdan soň guralan bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş eden amerikan lideri Birleşen Ştatlaryň onuň “azat, garaşsyz, gülläp ösýän we howpsuz Ukraina” baradaky garaýyşlaryna şärikdigini aýtdy.

Baýden Zelenskä onuň "hiç haçan ýeke galmajakdygyny" wada berdi we Waşingtonyň Zelenskiniň Moskwa bilen ylalaşyk baglaşmak üçin geçiriljek gepleşiklere taýyn bolan halatynda, onuň "üstünlik gazanmaga ukyply bolmagyny, sebäbi onuň söweş meýdanynda hem ýeňiş gazanyp bilmegini” üpjün etmek isleýändigini aýtdy.

Zelenski amerikan halkyna Ukraina beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi, ýöne täze ýylda parahatçylyk gazanmak mümkinçiligine az hem bolsa umyt bildirdi we urşuň diňe Ukrainanyň özygtyýarlylygynyň dikeldilmegi, Russiýanyň "yzyna gaýtarylmagy" bilen tamamlanjakdygyny aýtdy.

"Meniň üçin, prezident hökmünde, "adalatly parahatçylyk” "ýurduň özygtyýarlylygy, azatlygy we territorial bitewiligi (we) rus agressiýasy zerarly çekilen ähli zyýanyň öwez pulunyň tölenmegi meselesinde hiç hili eglişik däl" diýip, Zelenski aýtdy.

Baýden täze howpsuzlyk kömegi bukjasynyň bir bölegi bolan “Patriot” ulgamynyň “goranyş ulgamy” hökmünde berlendigini, urşy has-da “gyzdyrmaga” gönükdirilmändigini aýratyn nygtady. “Biz olaryň ulanylmagyny islemeýäris, diňe hüjümleriň bes edilmegini isleýäris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenskiý “Patriotlaryň” täze howpsuzlyk kömegi bukjasynyň iň güýçli bölegi bolandygyny aýtdy. Ol munuň Ukrainanyň howa giňişligini goramak üçin "örän möhüm ädimdigini" we Kiýewe gaýdyp gelende, özüniň "gowy habarly" boljagyny aňladýandygyny belledi.

Ukrain liderleri özleriniň “Patriotlar” bilen üpjün edilmegini soradylar we Zelenski metbugat ýygnagynda özüniň has köp zat soramak isleýändigini aýtdy. Ukraina ol zatlara ýurduň raýat infrastrukturasynyň weýran edilmeginiň, gyşyň sowuk aýlarynda elektrik togunyň we ýylylygyň ýitirilmeginiň öňüni almak üçin mätäç diýip, prezident aýtdy.

Emma muňa garamazdan, “Patriot” ulgamlary Ukraina edil häziriň özünde iberilmez, sebäbi ABŞ goşunlarynyň ilki ukrain güýçlerine bu ulgamy ulanmak we gowy saklamak boýunça tälim bermegi gerek.

“Patriot” ABŞ-nyň iň kämil howa goragy ulgamlaryndan biri hasaplanýar we uçarlardan, ganatly we ballistik raketalardan goranmak mümkinçiligini berýär. Ýerüsti-howa arkaly dolandyrylýan raketa ulgamy, adatça, radar we beýleki goldaw ulaglary bilen bilelikde, uçuryş enjamlaryny öz içine alýar.

Döwlet departamentiniň beýanatynda bu raketa ulgamlarynyň "ganatly raketalary, gysga aralyga ýetýän ballistik raketalary we uçarlary ozal berlen howa goranyş ulgamlaryndan has ýokary derejede urup ýykmaga ukyplydygy” aýdylýar.

Baýden Zelenskini dekabr säherinde Ak tamda garşy aldy we Ukrainanyň prezidentine "rehimsiz, aýylganç urşa garşy goranyşda siziň tarapyňyzda bolmak mertebe" diýdi.

Harby stilindäki ýaşylymtyk switer we balak geýen Zelenski ABŞ-nyň prezidentine Ukraina kömek bermekde we beýleki ýaranlaryň goldawyny ýygnamakda eden tagallasy üçin minnetdarlyk bildirip, Baýdene medal gowşurdy.

Zelenski ABŞ Kongresine ýüzlenýär.
Zelenski ABŞ Kongresine ýüzlenýär.

Zelenski Kongresiň ýolbaşçylary bilen duşuşmak we giçlik Kongresiň bilelikdäki mejlisinde çykyş etmek üçin Ak tamdan ABŞ-nyň Kapitol binasyna gitdi.

Zelenski Kongrese Baýdene 10 bölekden ybarat parahatçylyk meýilnamasyny hödürländigini aýtdy, ýöne onuň mazmunyny aýtmakdan saklandy. Şeýle parahatçylyk meýilnamasynyň yglan edilmegi has köp diplomatiýa we berilýän kömegiň azaldylmagyna çagyrýan Kongres agzalaryny köşeşdirip biler.

Bu sapar Zelenskiniň Russiýa Ukraina garşy urşa başlaly bäri daşary ýurda eden ilkinji sapary bolup, Kongresiň Ukraina 45 milliard dollar goşmaça harby kömegi bölüp bermek bilen bir hatarda, has köp çykdajy kanunyna ses bermäge taýýarlyk görýän wagtynda boldy.

Kreml 21-nji dekabrda ABŞ-nyň Ukraina berýän ýarag kömeginiň artmagynyň urşy hasam agyrlaşdyrjakdygyny duýdurdy. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin harby ýolbaşçylar bilen duşuşygynda çykyş edip, Moskwanyň ýaragly güýçlerini has kuwwatlandyrjakdygyny we goşunlarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrjakdygyny aýtdy.

Goşunyň "Russiýanyň özygtyýarlylygynyň esasy kepilligi" hökmünde häsiýetlendirilen ýadro güýçlerini ösdürmäge aýratyn üns berler.

Şeýle-de Putin Russiýanyň ýadro güýçleriniň özenini düzýän täze Sarmat kontinentara ballistik raketasynyň ýakyn wagtda işe giriziljekdigini aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG