Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prokurorlary häkimiýetleri tankytlan bagşa 10 ýyl türme tussaglygyny soraýar


Bolot Nazarow
Bolot Nazarow

Gyrgyzystanyň prokurorlary meşhur bagşy Bolot Nazarowa, merkezi aziýa döwletiniň häkimiýetlerini tankytlaýan aýdymlary üçin, 10 ýyl azatlykdan mahrum etmek höküminiň çykarylmagyny soraýarlar.

Nazarowyň aklawçysy Bakyt Awtandil 23-nji ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna prokuroryň haýyşynyň dört gün ozal bolan kazyýet seljermesinde yglan edilendigini aýtdy.

Nazarow, hamala, bikanun neşe serişdelerini saklamakda we at ogurlamakda aýyplandy. Emma ol we tarapdarlary bu aýyplamalary ret edýärler. Bagşynyň we onuň goldawçylarynyň sözlerine görä, bu aýyplamalar seýaýsy sebäpli bolup, ol professional işi sebäpli yzarlanýar.

Nazarow başda bir ýyl ozal, tanymal derňewçi žurnalist Bolot Temirow bilen bilelikde, bikanun neşe serişdelerini saklamakda aýyplanyp tussag edildi. Emma olar bu iki adamyň tarapdarlarynyň bildiren protestleri sebäpli öý tussaglygyna geçirildi.

XS
SM
MD
LG