Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkiýä Moskwanyň uruşda peýdalanyp biljek serişdelerini eksport etmezligi duýdurdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ Türkiýäni, Moskwanyň Ukrainadaky uruş tagallalarynda peýdalanyp biljek, himiki jisimleri, mikroçipleri we beýleki serişdeleri Russiýa eksport etmezlik barada duýdurdy.

Munuň bilen baglylykda, ABŞ-nyň Maliýe departamentiniň sanksiýalar boýunça ýokary derejeli resmisi Braýan Nelson 2-3-nji fewralda Türkiýä sapar edip, hökümetiň we şahsy pudagyň wekilleri bilen duşuşdy.

Anonimlik şertinde maglumat beren çeşmäniň sözlerine görä, Nelson bu ugurda has köp hyzmatdaşlyga çagyrypdyr.

XS
SM
MD
LG