Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa we Tähran Russiýada pilotsyz uçar öndürjek zawod gurmakçy - WSJ


"Mohajer-6" drony
"Mohajer-6" drony

Russiýa we Eýran Russiýada Moskwanyň Ukraina urşunda ulanan pilotsyz uçarlaryna meňzeş 6000 töweregi dron öndürmäge niýetlenen zawod döretmek planynda öňegidişlik edýär diýip, "The Wall Street Journal" gazeti ABŞ bilen ýaranlykdaky bir döwletiň resmilerine salgylanyp habar berdi.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, Moskwa we Tähran ukrain howa goraglaryndan sowlup geçmäge has ukyply we çalasyn dronlary öndürmäge çalyşýarlar.

Waşington geçen aý Moskwa bilen Tähranyň Russiýada pilotsyz uçarlary öndürýän kärhanalary gurmagy göz öňünde tutýandygyny duýdurdy.

XS
SM
MD
LG