Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fulbraýt maksatnamasy türkmenistanly mugallymlary bäsleşige çagyrýar


Türkmen çagalary iňlis dili sapagynda. Arhiw suraty
Türkmen çagalary iňlis dili sapagynda. Arhiw suraty

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy "Fulbraýt 2024" bilim grantlarynyň çäklerinde hünärini ýokarlandyrjak türkmenistanly mugallymlary Birleşen Ştatlarda mugt hünärlerini ýokarlandyrmak üçin bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşige gatnaşýanlar, ýeňiji bolan halatlarynda, 2024-nji ýylyň ýanwar ýa-da sentýabr aýyndan başlap, alty hepdelik maksatnamanyň çäginde ABŞ-da bolarlar.

Olar öz okadýan ugurlary boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga, okatmagyň täze usullary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Alty hepdelik maksatnamanyň stipendiýasy wiza tölegini, ABŞ-a uçuşlaryň çykdajysyny, akademiki maksatnamanyň çykdajysyny, ýaşamak we naharlanmak çykdajylaryny, saglyk ätiýaçlandyrmasyny, ulag töleglerini, göz öňüne tutulmadyk çykdajylary, kitaplaryň, gollanmalaryň we seminarlaryň harajatlaryny doly öz içine alýar.

Şeýle-de, mugallymlar ABŞ-da bolan wagtynyň dowamynda dürli medeni çärelere gatnaşarlar.

Bäsleşige bäş ýyl iş tejribesi bolan mekdep mugallymlary we bilim merkezleriniň mugallymlary, 12 ýaşdan 18 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryny okadýan mugallymlar, öz garamagynda goşmaça synplary bolan we iş wagtynyň 50%-ni orta we ýokary synplary okatmaga sarp edýän mugallymlar; maksatnama gutarandan soňra ýene-de bäş ýyl mugallym bolup işlemegi planlaşdyrýan pedagoglar gatnaşyp bilýär.

Bäsleşige gatnamak üçin arzany diňe Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary bilimli we TOEFL synagynda iň azyndan 450 ball alanlar berip bilýär.

Arzalary 2023-nji ýylyň 2-nji apreline, sagat 23:59 çenli tabşyryp bolýar.

Bäsleşik baradaky doly maglumaty türkmen, rus we iňlis dillerinde, şu salgydan alyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG