Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbiliside müňlerçe protestçi polisiýa bilen çaknyşdy


Tbilisi protestleri
Tbilisi protestleri

Parlament taktytçylaryň, şol sanda ABŞ-nyň we ÝB-niň Günorta Kawkaz döwletindäki azatlyklara täsir etjekdigini aýdan jedelli "daşary ýurt agenti" kanunynyň ilkinji okalyşyny kabul edeninden soň, müňlerçe gürjüstanly Tbilisiniň merkezi köçelerine protest bildirmäge çykdy.

7-nji mart güni giçlik, protestçiler parlament binasynyň öňündäki Rüstaweli şaýoluny petikläninden soň, polisiýa käbiri "Rus kanunlary ýok bolsun" diýip gygyrýan mähelle bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Dartgynlylygyň barha güýçlenmegi, protestçileriň käbiriniň haýatdan aşmagy we beýlekileriniň howpsuzlyk işgärlerine garşy zat zyňmagy bilen, polisiýa demonstrantlara garşy burç garylana meňzeýän suwuklyk ulandy.

Soň polisiýa suw toplaryny we göz ýaşardyjy gaz ulanyp, başga ýaraglaryň hem getirilendigi baradaky tassyklanmadyk habarlaryň arasynda, irden ptotestçileriň hatarlaryny bölmegi başardy.

Emma olaryň esasy demonstrasiýa meýdançasyndan gidendigi ýa-da beýleki ýerlerde ýerleşendigi bada-bat belli bolmady.

Bu çaknyşyk kanun çykaryjylar teklip edilýän kanun taslamasynyň birinji okalyşyny 76 deputatyň goldamagynda, 13 deputatyň garşy bolmagynda kabul edeninden soň boldy. Bu ses berişlik başda 9-njy martda geçirilmeli edilipdi, ýöne düşündirilmedik sebäplere görä öňe süýşürildi.

Kanun taslamasynyň ikinji we üçünji okalyşlary hem bolmaly.

XS
SM
MD
LG