Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda blogger Instagram posty üçin tussag edildi


Eýranda soňky aýlarda okuwçylaryň mümkin zäherlenme hadysalary köpeldi
Eýranda soňky aýlarda okuwçylaryň mümkin zäherlenme hadysalary köpeldi

Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Urmia şäherinde bir blogger özüniň Instagram hasabynda ýurtdaky mümkin köpçülikleýin zäherlenme hadysalary barada maglumat ýerleşdireni üçin tussag edildi.

Ýerli medianyň maglumatyna görä, ady agzalmaýan blogger Eýranyň Adalat we Maglumat ministrliginiň görkezmesi esasynda tussag edilipdir.

Sosial media ulanyjylary tussag edilen bloggeriň Urmiada ýaşaýan aktýor we režisýor Reza Purjafar bolandygyny anykladylar.

Purjafar golaýda özüniň Instagram hasabynda “biziň çagalarymyz urşy görmediler, emma olar himiki jisimleri datdylar” diýip ýazgy galdyrdy. Soňky dört aýda Eýranda mümkin zäherlenme bäş müň okuwça, aglaba gyzlara täsir ýetirdi.

XS
SM
MD
LG