Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň, Saud Arabystanyň daşary işler ministrleri Hytaýda duşuşýar


 Saud Arabystanynyň daşary işler ministri, şazada Faýzal bin Farhan Al-Saud. Arhiw suraty
 Saud Arabystanynyň daşary işler ministri, şazada Faýzal bin Farhan Al-Saud. Arhiw suraty

Eýranyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri Hytaýda ýedi ýyldan gowrak wagtyň içinde özleriniň iň ýokary derejeli diplomatlarynyň ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi diýip, Saud Arabystanynyň döwlet eýeçiligindäki “Al Ekbariýa” telewideniýesi habar berdi.

Bu duşuşygyň sebit güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklary dikeltmek baradaky ylalaşygyň şertlerine laýyklykda geçirilendigi aýdylýar.

Ýakyn Gündogardaky konfliktlere meçew beren ençeme ýyllyk duşmançylykdan soň, geçen aý Hytaýyň eden uly töwellaçylygy astynda, Tähran we Riýad diplomatik düşünişmezligi bes etmek we ilçihanalary gaýtadan açmak ylalaşygyna geldi.

Saud Arabystany 2016-njy ýylda, iki ýurduň arasynda Riýadyň şaýy musulman ruhanysyny jezalandyryp öldürmegi esasynda turan dawa netijesinde, Tährandaky ilçihanasyna hüjüm edilmegi sebäpli, Eýran bilen aradaky diplomatik gatnaşyklaryny kesdi.

XS
SM
MD
LG