Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Aşgabada gelen daşary ýurt wekilleri bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy


Işewürler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.
Işewürler ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Serdar Berdimuhamedow 5-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistana gelen daşary ýurtly resmileriň, iş adamlarynyň birnäçesi bilen aýry-aýrylykda duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, iş gatnaşyklaryny has ösdürmek barada birnäçe gepleşik geçirdi.

ABŞ-nyň işewür toparlary türkmen prezidenti bilen bolan duşuşyklarynda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Duşuşyga “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, “General Electric Gas Power’ kompaniýasynyň wise-prezidenti Bris Razan, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, “Smartmatic” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugika, “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň başlygy Nikolaý Ýurçenko, “UGT Renewables” kompaniýasynyň wise-prezidenti Dýuk Gim dagy gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda köpugurly hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda, maýa goýum işi, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk tassyklanyldy diýip, habarda bellenýär.

Türkmen prezidenti Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanow, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin dagy bilen hem özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maslahatyny etdi.

Mundan başga, Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyp, Türkmenistanyň Türkiýe bilen aradaky hyzmatdaşlygy has giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG