Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda doglan garaşsyz žurnalist Özbegistana goýberilmändigini aýdýar


Şahida Ýakub. Arhiw suraty
Şahida Ýakub. Arhiw suraty

Özbegistanda doglan žurnalist we dokumental film režissýory Şahida Ýakub 3-nji aprelde Daşkent şäherine şahsy sapar bilen gelende, Özbegistana girmeginiň öňüniň alnandygyny aýtdy.

Britan raýaty bolan Ýakub pasport gözegçiliginiň işgärleriniň özüni Özbegistana goýbermezlikleriniň sebäbini düşündirmekden ýüz öwrendiklerini aýtdy.

BBC-niň we AÝ/AR-nyň "Häzirki zaman" neşiriniň öňki habarçysy bolan Ýakup bu gadaganlygy özüniň žurnalistlik işi, şol sanda Daşkendiň 2005-nji ýylda Andijon şäherinde bolan hökümete garşy protestleri basyp ýatyryşy barada taýýarlan habarlary bilen baglanyşdyrýar.

XS
SM
MD
LG