Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana polisiýasy protest bildirýän onlarça nebitçini tussag etdi


Nebitçiler
Nebitçiler

Gazagystanyň paýtagty Astananyň polisiýasy Merkezi Aziýa ýurdunyň günorta-günbataryndaky Žanaozen şäherinden gelip, iş talap edýän onlarça nebitçini tussag etdi. Olaryň kompaniýasy soňky hepdelerde iş bilen üpjün etjek tenderini ýitirensoň, olar işsiz galypdy.

Gazagystanyň Adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy býurosynyň wekili Artur Alhasow Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren interwýusynda “BerAli Manghystau kompaniniň” öňki işgärleriniň 80-den gowragynyň “OzenMunaiGaz” kompaniýasynda, nebite baý ýurduň “KazMunaiGaz” energiýa läheňiniň başga bir kärhanasyndan iş berilmegini talap edip, gijäni Energiýa ministrliginiň binasynyň öňünde geçireninden soň, 11-nji aprelde tussag edilendigini aýtdy.

Işçiler öz işleýän kompaniýalarynyň ýaňy-ýakynda Manňgistau sebitindäki nebit işleri üçin tenderini ýitirendigini we öz iş orunlaryny ýitirendiklerini aýtdylar.

Geçen hepde Žanaozen şäherinde onlarça aýal ogullary we ärleri üçin hemişelik iş talap edip, protest gurasa, nebit senagatynyň ýüzlerçe işgäri iş talap edip, OzenMunaiGazyň ofisiniň öňünde ýygnandy.

XS
SM
MD
LG