Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Aşgabat bilen hukuk hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy, habarda adalatçynyň ady aýdylmady


17-nji aprelde bolan duşuşyga gatnaşan adalatçynyň ady ne “Türkmenistan Altyn asyrda”, ne-de Adalatçynyň saýtynda aýdylýar.
17-nji aprelde bolan duşuşyga gatnaşan adalatçynyň ady ne “Türkmenistan Altyn asyrda”, ne-de Adalatçynyň saýtynda aýdylýar.

Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Türkmenistandaky Merkeziniň adam ölçegleri bölüminiň başlygy, jenap Çarlz Nouman Filpot bilen adalatçynyň duşuşygy geçirildi diýip, “Türkmenistan Altyn asyr” saýty 19-njy aprelde Adalatçynyň resmi web-saýtynda 18-nji aprelde çap edilen habara salgylanyp habar berýär.

Türkmnistanda adam hukuklary boýunça ygtývarly wekil adalatýy diýlip atlandyrylýar.

Emma 17-nji aprelde bolan duşuşyga gatnaşan adalatçynyň ady ne “Türkmenistan Altyn asyrda”, ne-de Adalatçynyň saýtynda aýdylýar.

Habarda bellenmegine görä, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi “Adalatçynyň diwanynyň döredilen pursadyndan başlap ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar”.

Duşuşygyň dowamynda taraplaryň adam hukuklary babatynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşandygy aýdylýar, emma bu hyzmatdaşlygyň geljegi barada hiç jikme-jiklik açylmaýar.

Şeýle-de, taraplaryň ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň möhümdigini we iki guramanyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belländigi habar berilýär.

Türkmenistan halkara hukuk guramalary tarapyndan esasy adam hukuklaryny we azatlyklaryny yzygiderli bozmakda tankyt edilýär we bu ugurda öz üstüne alan borçlaryny hormatlamaga çagyrylýar.

Ýerli hukuk goraýjylaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistan dünýäde adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň garaşsyz ýagdaýda açyk işläp bilmeýän az sanly ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG