Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Reuters: Howa arassalaýyş tehnologiýalary daşky gurşawy goramaga kömek edip biler


ABŞ-nyň Waýoming ştatynda CarbonCapture Inc. kompaniýasy "Hapalanan howany gös-göni sorup, atmosferany hapalaýjy maddalary tehnologiýa taýdan ýörite ammarlarda ýerleşdirmek” maksadynyň bardygyny mälim etdi.
ABŞ-nyň Waýoming ştatynda CarbonCapture Inc. kompaniýasy "Hapalanan howany gös-göni sorup, atmosferany hapalaýjy maddalary tehnologiýa taýdan ýörite ammarlarda ýerleşdirmek” maksadynyň bardygyny mälim etdi.

Howadaky çapraz üýtgeşmeleriň öňüni almak maksady bilen adamzat daşky gurşawa goýberilýän kömürturşy gazyny düýpli azaltmagy başarman gelýär. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, bu ýagdaý hünärmenleri tehnologiýalary işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga iterýär, şeýle-de bolsa, häzirki tehniki ösüşiň ýanynda, gaty yza galyp gelýär. Bu ýerde gürrüň hapalanan howany “gönüden-göni tutýan” Direct Air Capture (DAC) tehnologiýasy we howanyň arassalanmagy barada gidýär.

Bu täze pudagyň öňde baryjysyna senagat taýdan durnukly howa arassalaýjy desgalaryny döretmek we hapalaýjy maddalary "toplamak" üçin, ABŞ 3,5 milliard dollarlyk kepillik bölüp bermek hakynda karar kabul etdi. Reuters agentligi bu başlangyjy howanyň çapraz üýtgemegini gowşatmak ugrunda, örän ähmiýetli global tagallalar diýip atlandyrýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda howany arassalaýyş işlerini ýola goýjak kärhanalar boýunça tender 13-nji martda geçirildi. Emma hökümet we käbir kompaniýalar öz geçirjek işleri baradaky beren beýanatynyň ähli jikme-jikliklerini we özleriniň öňe sürýän tekliplerini heniz açyk mälim etmediler. Bäsleşikde ýeňmäge mümkinçiligi bolan gatnaşyjylaryň köpüsi şeýle taslama gatnaşmak üçin, talapkär boljakdygyny ilkinji gezek mälim etdiler. Reutersiň maglumatyna görä, ABŞ-nyň Energetika ministrligi ýeňijileri 2023-nji ýylyň tomsunda yglan etmegi mümkin.

Howanyň zaýalanmagy we atmosfera çykarylýan hapa gazy azaltmak boýunça ýeterlik çäreleriň görülmezligi alymlarda, atmosfera ýaýraýan kömürturşy gazyny aýyrmagyň esasy serişdeleriniň biriniň howadan zyýanly maddalary "sorup almagyň" tehnologiýasy bolup biljekdigine düşünmäge sebäp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG