Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ökde hünärmenleri taýýarlamak üçin $1 mlrd harçlanar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Prezident Şawkat Mirziýoýew 15-nji maýda 1-nji iýundan başlap Özbegistanda “20 müň telekeçi - 500 müň taýýarlykly hünärmen” maksatnamasynyň durmuşa geçiriljekdigini habar berdi.

Döwlet baştutanynyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, 2023-2024-nji ýyllarda durmuşa geçiriljek programma üçin 1 milliard dollar bölünip berler.

Bu serişdeler programma gatnaşýan telekeçilere, pes girdejili maşgalalardan bolan raýatlary işe taýýarlamak we işe almak şerti bilen, has pes göterimlerde we has uzak möhletde karz bermek üçin ulanylar.

Telekeçileriň "amaly monosentri" guramak we enjamlaşdyrmak, şeýle hem hünärli adamlary taýýarlamak üçin eden çykdajylarynyň öwez puly dolulygyna tölener.

Maksatnama gatnaşýan telekeçiler bir ýylyň dowamynda garyp maşgalalardan azyndan 20% işgäri işe alsa, emläk we ýer salgydyndan boşadylar. Pes girdejili maşgalanyň agzasy bolsa, şeýle kärhanada işleýän wagtynda girdeji salgydyny tölemekden boşadylar.

Şeýle-de, 5 million soma (450 dollar) çenli aýlyk hakyny berýän telekeçileriň sosial salgytlary 2 esse azaldylar. Bu hili telekeçileriň işi salgyt gullugy tarapyndan barlanylmaz.

XS
SM
MD
LG