Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary (2-nji bölüm)


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany XX asyryň başlarynda türkmen diliniň täzeden şekillenmegine, türkmen edebiýatyndaky nusgawy eserleriň ýüze çykarylmagyna we türkmen medeniýetiniň, halk döredijiliginiň ylmy taýdan öwrenilmegine goşant goşan gündogarşynaslar baradaky söhbetdeşlige gönükdirilýär.

Programmamyzyň geçen sany XX asyryň başlarynda türkmenleriň arasynda ýaşap, ýerli medeniýeti öwrenen görnükli gündogarşynas Samoýlowiçiň türkmenler barada öz gündeliginde galdyran ozal jemgyýetçilige giňden mälim bolmadyk ýatlamalaryna gönükdirildi.

Asly ukrain bolan russiýaly türkologyň 120 ýyllyk gündelik belliklerinde ýaňy bir Rus imperiýasyna tabyn edilen türkmen topragynda rus harbylary bilen ýerli halkyň arasyndaky sazlaşyksyzlyk, türkmenleriň kolonial resmilere çemeleşmeleri, olaryň kolonial jahankeşdelerden çetde durmak islegleri we beýleki ýagdaýlar açylyp görkezilýär.

Samoýlowiç jemi dört gezek Türkmenistana sapar etdi, öz döwründe tanymal türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ösüp ýetişmegine, olaryň Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda kämil bilim almagyna ýardam berdi, goşant goşdy.

Iň soňunda, türkolog rus täsir giňişliginde bitiren iňňän uly hyzmatlaryna garamazdan, Staliniň repressiýa ýyllarynda “pan-turkizmde” aýyplanyp, 1938-nji ýylda NKWD nökerleri tarapyndan atylyp öldürildi.

Eýsem, XX asyryň başlarynda türkmen diliniň täzeden şekillenmeginde, türkmen edebiýatyndaky nusgawy eserleriň ýüze çykarylmagynda we türkmen medeniýetiniň, halk döredijiliginiň ylmy taýdan öwrenilmeginde başga haýsy dilçi-alymlar we gündogarşynaslar goşant goşdy?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany şeýle temanyň töwereginde türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary (2-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG