Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyn mugallymlary Buharestde has ýokary aýlyk üçin ýöriş edýär


Protestçiler
Protestçiler

Rumyniýada on müňlerçe başlangyç we orta mekdep mugallymy 30-njy maýda Buharest şäheriniň merkezindäki hökümet binasyna ýöriş edip, has gowy aýlyk berilmegine, bilime has köp maýa goýulmagyna we ýurduň bilim ulgamyny özgertmäge çagyrdy.

Guramaçylar Kotroceni köşgüne tarap ugur alan ýörişe 15,000-20,000 aralygynda mugallymyň gatnaşýandygyny, soň öz wekilleriniň prezident Klaus Iohannis tarapyndan kabul edilmegine çagyrjakdyklaryny aýtdylar.

Bileleşik ýolbaşçylary hökümetiň 22-nji maýda başlanan iş taşlaýyşdan bäri geçirilen birnäçe tapgyr gepleşikde eden barlyşyk tekliplerini ret etdiler.

Saglygy goraýyş işgärleri we demirýol işgärleri hem iş taşlaýyşa taýýarlyk görýändiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG