Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koalisiýadan arka tapan pitneçiler öňe süýşýär


Halkara koalisiýasynyň howa zarbalaryndan arka tapan liwiýaly pitneçiler Muammar Kaddafiniň güýçleriniň yza çekilen ýerlerini eýeläp, günbatara tarap süýşmeklerini dowam etdirýärler.

Pitneçi söweşijiler ýekşenbe güni nebit eksport edilýän şäher bolan Ras Lanufa girdiler. Olar şenbe güni strategiki şäher bolan Ajdabiýany, port şäheri Bregany eýeläpdiler.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama halkara koalisiýasynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Liwiýada uçar gadaganlygy hem graždan ilaty Kaddafiniň güýçlerinden goramak çäreleri baradaky rezolýusiýasyny ýerine ýetirmek üçin üstünlikli hereket edýändiklerini aýtdy.

Fransiýa öz uruş uçarlarynyň Misuratanyň daşyndaky howa bazasynda Liwiýanyň 5 uçaryny, 2 wertelýotuny hatardan çykarandygyny aýdýar.

Kaddafi hökümetiniň sözçüsi Ajdabiýanyň we Sirteniň aralygyndaky ýoluň boýuna hem howa zarbalarynyň urlandygyny, netijede bir topar esgeriň we graždan adamyň öldürilendigini aýdýar.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Robert Geýts Kaddafini öz goşunlary tarapyndan öldürilen adamlaryň jesetlerini ýaran güýçleriň howa zarbalaryny urýan ýerlerine getirip goýmakda günäledi.

Pop Benedikt ýekşenbe güni Liwiýada ýarag ulanmagy togtatmaga çagyrdy. Ol öz haýyşynyň «halkara guramalaryna-da» dahyllydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG