Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: geçirilmedik saýlaw kampaniýasy


Iş başyndaky prezidenti tanatmak zerurlygy ýok, 70 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew Merkezi Aziýanyň nebite baý ýurduna 20 ýyldan gowrak ýolbaşçylyk edýär.
Iş başyndaky prezidenti tanatmak zerurlygy ýok, 70 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew Merkezi Aziýanyň nebite baý ýurduna 20 ýyldan gowrak ýolbaşçylyk edýär.
Munuň daşyndan dürli partiýalardan bolan üç kandidatyň prezidenti çalşyrmak üçin aýak depýän adaty saýlaw kampaniýasy bolup görünmegi hem mümkin. Hatda resmi hasaba alnan kandidatlaryň özleri hem Gazagystanyň 3-nji aprelde geçjek prezident saýlawlarynyň hakyky bäsleşik bolmajagyny aýdýarlar.

Gazagystanyň ýetip gelýän saýlawlarynyň prezidentlik ugrundaky hakyky bäsleşik bolup görünmegi üçin daşky alamatlaryň ählisi bar: dürli partiýalardan bolan üç kandidat iş başyndaky prezidentiň ornuna geçmek üçin bäsleşýär; köçeler agitasiýa plakatlaryndan doly; saýlaw synçylary hem ýerinde gözegçilige taýýar bolup durlar, ses bermäge çakylyk bolsa belentden ýaňlanýar. Emma hakyky bäsleşigiň deňeşdirmeleri hut şu ýerde hem tamam bolýar. Sebäbi 3-nji aprel saýlawlaryna iki hepdeden hem az wagt galdy, onsoň bu ýerde saýlaw kampaniýalary geçirilmedi diýseň-de boljak.

Iş başyndaky prezidenti tanatmak zerurlygy ýok, 70 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew Merkezi Aziýanyň nebite baý ýurduna 20 ýyldan gowrak ýolbaşçylyk edýär. Onuň edarasy aslynda 2012-nji ýylda geçirilmeli prezident saýlawlaryny bir ýyl ir geçirilmeli etdi. Bu göçüm raýatlaryň referendum geçirip, Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini 2020-nji ýyla çenli uzaltmak teklibi Konstitusiýa sudy tarapydan ret edilenden soň oýlanyp tapyldy. Nazarbaýew özüniň saýlaw kampaniýasyny geçirmejegini, sebäbi öz pikir-garaýyşlarynyň 28-nji ýanwardaky Halka ýüzlenmesinde beýan edilendigini aýtdy.

Onuň bilen bäsleşige çykýan üç kandidata hakykatda hiç hili ýeňiş mümkinçiligi berilmeýär.

ÝHHG-niň Demokratiki institutlar we adam hukuklary guramasynyň saýlawlara gözegçilik missiýasy 21-nji martda saýlaw şertleri boýunça synynyň netijelerini çap etdi. «Şu wagta çenli diňe iş başyndaky prezidentiň saýlaw kampaniýasy ýokary derejede göz ilýär» diýip, hasabatda bellenýär. «Görnükli ýerlerde prezidentiň suratlaryny asmak, aýdymçylaryň konsertlerini gurnamak arkaly saýlawçylary saýlawa gatnaşmaga çagyrmak tagallalary edilýär.»

Emma hasabat beýleki kandidatlar üçin kampaniýanyň o diýen görnükli däldigini, ýogsa olaryň duşuşuklara hem başlandygyny, onda-munda şygarlarydyr suratlaryny hem ýerleşdirendigini aýdýar.

Kandidatlar

Nazarbaýew bilen bäsleşige çykmaga resmi tassyknama alan üç kandidat Kommunist halk partiýasyndan Žambul Ahmetbekow, Tebigat ekologiýa bileleşiginiň başlygy Mels Eleusizow, senator we Watançylar partiýasynyň lideri Gani Kasymow dagydyr.

60 ýaşly Eleusizow 2005-nji ýylda hem prezident saýlawlaryna gatnaşdy we parlament saýlawlarynda birnäçe gezek güýç synady. Ýöne onuň bu gezek hem ýeňiş gazanaryn diýen tamasy ýok. Ol turuwbaşdan prezidentlik ugrundaky bäsleşige tebigat, daşky gurşaw meselelerine ünsi çemek üçin goşulandygynyny aýtdy.

«Elbetde, häzirki pursatda prezident saýlawynda ýeňiş gazanmak mümkin däl» diýip, ol apreliň başynda kandidatlyga hasaba alnanda aýtdy.

Bäsleşige çykýan üç kandidatyň içinde iň güýçlüsi hasaplanýan Kasymow bolsa Nazarbaýewiň adyny özüne iň kän ylham berýän adamlaryň arasynda agzaýar.

Synçylar prezidente tarapdar Kommunist halk partiýasy bilen Ahmetbekowy Nazarbaýewiň ornuna hakyky howp hasaplamaýarlar.

Oppozisiýadaky Azat, Ak jol, Ruhaniýat partiýalary saýlawa gatnaşmagy boýkot edenleriň arasynda. Hasaba alynmadyk Alga partiýasy, Kommunist partiýasy, birnäçe graždan jemgyeti topary, şol sanda «Ar. Ruh. Hak» we «Aman-saulyk» saýlawçylary saýlawy boýkot etmäge çagyrýar.

Alga partiýasynyň lideri Wladimir Kozlow golaýda Almatyda geçen ýygnanyşykda şeýle diýdi: «Biz ähli demokratik we syýasy partiýalary hem hereketleri, döwlete degişli däl guramalary 2011-nji ýylyň 3-nji apreline bellenen irki prezident saýlawlaryny boýkot etmäge çagyrýarys. Birinjiden, ilata ýurtda bolup geçýän zatlary düşündirmeli we olary saýlawlara barmazlyga yrmaly; saýlawdan öňki kampaniýa mahalynda we saýlaw güni bidüzgünçilikleri hasaba almaly; biz gazagystanly saýlawçylaryň hemmesine ýüzlenýäris: saýlawsyz saýlawlara gatnaşmaň!» diýip, Kozlow aýtdy.
XS
SM
MD
LG