Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa häkimiýetleri port şäheri Latakiýa goşun ýerleşdirýär


Azyndan 12 adam öldürilenden soň, hökümete garşy gozgalaňy köşetmek üçin, Siriýanyň Ortaýer deňziniň boýundaky port şäheri Latakiýa goşun bölümleri ýerleşdirildi.

Latakiýada anna hem şenbe günleri bolan zorluklar prezident Başar al-Assadyň režimine garşy giň ýaýran gozgalaňyň arasynda boldy.

Habarlara görä, bu gozgalaň geçen hepdede 20 çemesi adamyň ölümine we ýaralanmagyna sebäp bolupdyr.

Ýekşenbe güni Siriýanyň uly şäherleriniň asuda bolandygy aýdyldy.

Assadyň hökümetiniň resmileri onýyllykalara uzan we howpsuzlyk güýçlerine kän ygtyýarlyk beren adatdan daşary ýagdaý kanunlarynyň ýatyrylmagy barada karar kabul edilendigini aýdýarlar. Ýöne bu kararyň resmi taýdan haçan güýje girjegi anyk däl.
XS
SM
MD
LG