Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek inspektory öz ministriniň sürüjisinden para aldy


Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgäriniň alýan aýlygy maşgalasyny eklemäge ýetmese, bar bolan mümkinçilikden peýdalanmaga çalyşmaz diýip, kim aýdyp biler?
Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgäriniň alýan aýlygy maşgalasyny eklemäge ýetmese, bar bolan mümkinçilikden peýdalanmaga çalyşmaz diýip, kim aýdyp biler?
Golaýda Özbegistanyň Syrderýa welaýatynyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri içeri işler ministriniň gözüniň öňünde onuň sürüjisinden 10 müň som para alypdyrlar. Welaýatyň ýol gözegçilik gullugynyň wekiliniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda welaýatda parahorluga garşy göreş başlanypdyr.

Ýaşy 50-den geçen syrderýaly mugallym Ysraýyl Ryzaýew wakany şeýle gürrüň berdi: “Içeri işler ministri Bahadyr Ahmedowiç Matlýubow Samarkantdan öz işleri bilen gelýärkä, Syrderýa welaýatynyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ulagyň tizligini ýokarlandyrandygy üçin ministriň maşynyny saklapdyrlar. Ulagyň sürüjisi 5 müň som berse, olar muny az görüpdirler. Sürüji ýene-de 5 müň som beripdir”.

Ryzaýewiň aýtmagyna görä, sürüji ulaga gaýdyp geleninde, ministr “näme boldy?” diýip sorapdyr. Sürüji hem 10 müň som para berendigini aýdypdyr. Içeri işler minstri Bahadyr Ahmedowiç Matlýubow ulagdan düşüp, milisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine tarap ugrapdyr.

Ministr ulagdan düşüp, olaryň ýanyna baranyndan soň, näme bolandygyny göz öňüňe getirmek kyn däl. Habar agentlikleriniň beren maglumatyna görä, şol iki ýol gözegçilik işgari, Syrderýa welaýatynyň ýol gözegçilik gullugynyň başlygy we ýene-de iki emeldar öz wezipelerinden boşadylypdyr.

Häzir Syrderýa welaýatynyň ýol gözegçilik gullugynyň başlygy wezipesini ýerine ýetirýän Şuhrat Umirowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bolan wakadan netije çykarylypdyr: “Bize soňky geçirilen ýygnak boýunça programma taýýarlaň diýdiler. Biz taýýarladyk we ähli etraplara iberdik. Häzir olar hem şol programma boýunça işleýärler”.

Şuhrat Umirow programmanyň mazmuny barada şeýle diýdi: “Programma esasan ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan ýollarda, postlarda sürüjileri biderek duruzmazlyk, olardan para almazlyk, sürüjileriň üstüne haýbat atman, diňe kanuna görä öz işiňi ýerine ýetirmek girizilen”.

Beýle özgerişler bolarmydy?

Syrderýaly mugallym Ysraýyl Ryzaýewiň sözlerine görä, içeri işler ministri bilen bagly waka ýüz bereli bäri welaýatyň Daşkent bilen Samarkandy birleşdirýän ýolunda postlar, postlardaky milisiýa işgärleri hem azalypdyr.

“Eger-de ýol gözegçilik gullugynyň iki işgäri ministriň sürüjisinden pul talap etmedik bolsa, onda beýle özgerişler bolarmydy? Elbetde ýok. Bu pudakda duýarlykly özgerişleriň bolmagy üçin ministriň milisiýa formasyny çykaryp, graždan eşikde ýurduň içine aýlanmagy gerek” diýip, Ryzaýew aýdýar.

Samarkandyň Urgut etrapynyň ýaşaýjysy Seýitkerim Nabyýew etrapdaky ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlarynyň sürüjileri köseýändigini, her gün 200-e golaý sürüjini saklap, çaý puluny alýandygyny aýtdy.

Mugallym Ryzaýewden iş wezipesine we kärine görä baýlaryň reýtingini düzsek, Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri näçinji orny eýelärdi diýip soradyk. Ol: “Ýol gözegçilik gullugynyň başlyklary ikinji derejeli baý adamlar. Emma ýolda durup, pul ýygnap berýänleri garyp ” diýip, jogap berdi.

Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgäriniň alýan aýlygy maşgalasyny eklemäge ýetmese, onsoňam eden kiçijek ýalňyşy üçin işinden kowulmak howpy bar bolsa, bar mümkinçilikden peýdalanmaga çalyşmaz diýip, kim aýdyp biler? Bu öz jogabyna garaşýan sowal.
XS
SM
MD
LG