Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen futbolçylary Siriýanyň komandasy bilen oýnar


XXX Olimpiýa oýunlarynyň Aziýa saýlama ýaryşlarynyň ikinji tapgyrynda türkmen futbolçylary Siriýanyň ýygyndy komandasy bilen duşuşar.
XXX Olimpiýa oýunlarynyň Aziýa saýlama ýaryşlarynyň ikinji tapgyrynda türkmen futbolçylary Siriýanyň ýygyndy komandasy bilen duşuşar.
30-njy martda Malaýziýanyň paýtagtynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň baş edarasynda 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek XXX Olimpiýa oýunlarynyň Aziýa saýlama ýaryşlarynyň ikinji tapgyrynda bäsleşjek ýurtlaryň saýlama oýunlary boýunça bije atyşlyk boldy.

Bu bije atyşlygyň netijelerine görä, XXX Olimpiýa oýunlarynyň Aziýa saýlama ýaryşlarynyň ikinji tapgyrynda türkmen futbolçylary Siriýanyň ýygyndy komandasy bilen duşuşar.

Siriýanyň we Türkmenistanyň komandalarynyň ýaryşy bilen bir wagtda Katar-Hindistan, Yrak-Eýran, Bahreýn-Tailand, Awstraliýa-Ýemen, Ýaponiýa-Kuweýt, KHDR-BAE, Koreýa Respublikasy-Iordaniýa, Özbegistan-Gonkong, Saud Arabystany-Wýetnam, Hytaý-Oman, Liwan-Malaýziýa futbolçylarynyň arasynda oýunlar bolar.

Bu oýunlaryň ilkinji tapgyry 19-njy iýunda geçiriler. Jogap oýunlary bolsa şu ýylyň 23-nji iýunynda bolar. Şeýlelikde öz güýçlerini synamak üçin türkmen futolçylary 19-njy iýunda Siriýa giderler.

Ikinji saýlama ýaryşlaryň jemleri boýunça üstün çykan komandalaryň 12-si üç topara bölüner. Bu tapgyryň ýeňijileri 2012-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň futbol ýaryşyna gatnaşarlar.

Siriýanyň futbolçylary bilen türkmenistanlylar ozal diňe milli we ýaşlar ýygyndy komandalarynyň derejesinde duşuşypdy. 2004-nji ýyldaky Aziýa Kubogyna gatnaşmak üçin geçirilen saýlama ýaryşyň çäklerinde bu ýurtlaryň futbol komandalary Siriýanyň Halap (Aleppo) şäherinde 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Mundan dört ýyl soň, Kataryň Doha şäherinde 19 ýaşa çenlileriň arasynda 2008-nji ýyldaky Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň topary siriýalylardan 3:0 hasabynda ýeňlipdi.

2012-nji ýyldaky oýunlar

2012-nji ýylda geçiriljek Olimpiadanyň birinji saýlama ýaryşlarynda Türkmenistanyň futbolçylary Indoneziýanyň toparyny olaryň öz meýdanynda 3:1 hasabynda, Aşgabatda bolsa 1:0 hasabynda ýeňmegi başardylar.

Şeýle-de ýakynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda 2012-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Çagyryş kubogy ugrundaky saýlama ýaryşyň “B” toparyndaky oýunlar tamamlandy. Bu toparda Türkmenistanyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Taýwanyň ýygyndy komandalary bardy.

“B” toparynyň jemleýji tapgyrynda türkmen futbolçylary 2008-nji ýylyň Çagyryş kubogynyň eýesi hindistanly oýunçylar bilen duşuşdylar. Bu oýun 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Belarusda okaýan türkmen studenti Perhat türkmenistanly futbolçylaryň oýunlary barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Soňky döwürde biziň türkmen futbolçylarymyzyň halkara arenasynda üstünlikler gazanyp başlandygy meni juda begendirýär. Men türkmen hökmünde biziň komandamyzyň 2012-nji ýylda geçiriljek Olimiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşynyň indiki tapgyryna geçmegi başarandygyna juda begenýärin. Şeýle-de türkmen komandasy Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş kubogy ugrundaky saýlama ýaryşynda öz toparyndan saýlanmagy başardy. Men biziň komandamyzyň geljekde hem öz oýunlary bilen bizi begendirjekdigine umyt edýärin”.

2012-nji ýyl üçin Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş kubogy ugrundaky bäsleşigi Türkmenistanyň, Hindistanyň, Palestinanyň, Filippinleriň, Maldiw adalarynyň, Täjigistanyň ýygyndy komandalary dowam etdirerler.
XS
SM
MD
LG