Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň wekili Londonda Kaddafiniň «çykalgasyny» maslahatlaşýar


Britan metbugaty Muammar Kaddafiniň hökümet wekiliniň liwiýa lideri üçin çykyş strategiýasyny çelgilemek maksady bilen Londonda bolandygyny ýazýar.

Habarlarda Kaddafiniň ogly Saif al-Yslamyň uly kömekçisi Mohammed Ysmaýylyň golaýdaky sapary mahylynda britan resmileri bilen gepleşik geçirendigi aýdylýar.

Emma Britaniýanyň Daşary işler ministrligi bu habarlary tassyklamady.

Liwiýa hökümetiniň wekiliniň Londona sapary baradaky tassyklanmadyk habarlar Kaddafi režiminiň uly resmileriniň birnäçesiniň gaçan wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG