Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

S.P. Polýakow: skifler – irki türkmenlerdir


Gadymy Nusaý galasynda, 2007-nji ýyl.
Gadymy Nusaý galasynda, 2007-nji ýyl.

Azatlyk Radiosynyň gürrüňdeşi türkmenleriň gelip çykyşy boýunça ylmy kitaplaryň we işleriň awtory, taryh ylymlarynyň doktory, Moskwanyň etnologlar we antropologlar birleşiginiň agzasy Sergeý Petrowiç Polýakow. Söhbetdeşligi Gözel Hudaýberdiýewa geçirdi.


G. Hudaýberdiýewa: Sergeý Petrowiç, ýatlap geçsek, taryh boýunça soňky geçirilen ylmy konferensiýada şeýle pikir öňe sürüldi: “Gündogaryň iň gadymy etnoslarynyň biri bolan türkmenler we olaryň uruglary adamzadyň maddy we ruhy medeniýetinde ägirt uly rol oýnadylar”. Siz şeýle pikirlere nähili garaýaňyz?


S. Polýakow: Bilýäňizmi, Türkmenistan aýratyn ýurt. Ol köp görkezijiler babatda başgalardan tapawutlanýar. Ol ýer gadymy siwilizasiýanyň ýurdy. Ol medeniýet Merkezi Aziýada iň gadymylardan biri hasaplanýar. Bu ugurda Mihail Ýewgenýewiç Massonyň ýolbaşçylygyndaky GTAKE, ýagny Günorta Türkmenistan Arheologik Kompleksleýin Ekspedisiýasy, köp iş etdi. Soňra öz kakasynyň ornuny tutan Wadim Mihaýlowiç Masson hem köp iş bitirdi. Olaryň geçiren gazuw-agtaryş işlerinden mälim bolşuna görä, ýerli türkmenler asla türkiler däldir. Olara eýran dilli skifler diýilýär. Mende türkmen-türk diýen düşünje bolmandy. Men orta asyrlar boýunça gazuw-agtaryş işlerini geçirdim, irki we giçki orta asyrlary gazdym, olar düýbünden häzirki türkmenler däldi.

G. Hudaýberdiýewa: Onda nähilidi?

S. Polýakow: Häzirki türkmenler örän güýçli garyşypdyrlar. Öňki türkmenler gadymy eýran dillilerdi. Olar ýokary medeniýetli bolupdylar. Soltan Sanjaryň köşgüni guran şol gadymyýetdäki halk bilen häzirki çalamydar öý gurýan türkmenleri özüňiz deňeşdirip görüň. Elbetde, olar başgaça bolupdyrlar.

G. Hudaýberdiýewa: Olaryň başga halklar bolandygyna siz ynanýaňyzmy?

S. Polýakow: Elbetde, bu halklar başga. Diňe bir umumy zat, olarda hem soňkularda bütewi territoriýa, bir toprak bar. Ol türkmenler gadymy eýranlylardan gaty köp zat alypdyrlar. Soňky syýasaty ýatlasak, bu ýerleri mongollar basyp alypdy. Olar bu ýere göçüp-gonmak medeniýetini getiripdir diýýärdiler. Ýok. Göçüp-gonmak medeniýeti gaty gadymy döwürlerden, skiflerden galypdyr hem türkmenleriň arasynda dowam edipdir.

G. Hudaýberdiýewa: Sergeý Petrowiç, siz Türkmenistanda bolanyňyzda, gazuw-agtaryş işlerinden daşary ýene näme bilen meşgullandyňyz?

S. Polýakow: Men türkmenleriň antropologiýasyny öwrenmek bilen meşgullandym. Eger uly hem beýik depelerde GTAKE gazuw-agtaryş işlerini geçirse, men orta asyrlara degişli adaty adam jaýlanan ýerleri gazyp öwrendim. Men şol wagtda türkmenleriň özboluşlylygyny ýitiren wagtyny ýa-da eýran dillileriň türkileşen döwürlerini tapdym. Bu giçki orta asyrlara degişli bolup, öňküler süýri kellelilerdi, soňkular ýasy kellelilerdi. Orta asyrlardaky türkmenlerem şol öňki skifler bolmaly. Antropologik taýdan olaryň häzirki zaman türkmenleri bilen umumylygy bolmandyr. Öňküler kellelerini bogup daňypdyrlar.

G. Hudaýberdiýewa: Siz türkmen taryhyna degişli resmi tassyklamalary şübhe astynda goýýaňyzmy?

S. Polýakow: Men ony şübhe astynda goýamok. Men onuň nädogrudygyny aýdýan. Sebäbi ol ýalan. Islendik wagt ony ylmy taýdan subut etmäge taýýar.

G. Hudaýberdiýewa: Onda näme üçin türkmen häkimiýetleri bu günki halkyň taryhyny dünýä medeniýeti bilen baglanyşdyrýarlar? Olar şeýle ýokary hörpden gopýarlar, bu ugurdan dürli beýanatlary ýaýradýarlar. Halkara konferensiýalary geçirýärler. Türkmen halkynyň taryhyna degişli soňky geçirilen konferensiýa 40-dan gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdy diýilýär. Elbetde, çakylyk alan ylmy jemgyýetçilik wekilleriniň, hatda adaty raýatlaryň-da Türkmenistana baryp görmek mümkinçiliginden ýüz öwürmejegi belli.

S. Polýakow: Meni çagyranoklar. Men muny asla dereje bilemok.

G. Hudaýberdiýewa: Sergeý Petrowiç, siz Türkmenistanda işlän adam. Bu haçanrak bolupdy? Näçe wagt işlediňiz? Şo barada gürrüň beräýseňiz.

S. Polýakow: Bu Sowet hökümeti ýyllarynda bolupdy. Men ol ýerde başgalaryň edesi gelmeýän işini etdim. Orta asyrlaryň adam jaýlamak gurluşyklaryny öwrendim hem-de şol döwrüň türkmenleriniň antropologiýasy bilen gyzyklandym. Bu işde meniň esasy daýanjym skifler boldy. Ýöne muny ylma garşy ugur hökmünde kabul etdiler. Bu pikiri biziň gazuw-agtaryş işlerimizi taýýarlap öwreniji moskwaly alym Nina Georgiýewna Zalkens hem goldady. Olam muňa ylma garşy ugur diýdi. Garaz, türkmenleriň aslynyň skifler bolandygyny ykrar etmek islemediler. Sebäbi olara türkmen däl diýdiler. Men olara: “Onda kim?” diýdim. Aslynda Hytaý serhedinden Kaspiý deňzi aralygynda, gadymy döwürden orta asyrlara çenli ýaşan milletlere skifler diýipdirler.

G. Hudaýberdiýewa: Näme üçin türkmen resmileri siziň pikirleriňizi, ýagny başgaça pikir-garaýyşlary ykrar etmek islemeýärler?


S. Polýakow: Bilýäňizmi, owaly bilen milletçilik bar. Bu ýokary türki ideýalary. Sebäbi skifler, jedelsiz, eýran dillilerdi. Olaryň medeni derejeleri başgaça bolupdyr. Muny bolsa olaryň ykrar edesleri gelmeýär. Häzirki döwürde Orta Aziýanyň ähli taryhy bulaşdyryldy.

G. Hudaýberdiýewa: Onda näme üçin Türkmenistanda şeýle ylmy konferensiýalar geçirilýär? Munuň bilen türkmen häkimiýetleri nämäni subut etmek isleýärler?


S. Polýakow: Olar şol ýerde ylmyň bardygyny görkezmek isleýärler. Şol sanda ylmyň ähli ugurlary hereketde hem ösüşde, ylym dogry ýoldan barýar diýmek isleýärler. Başgaça aýdylanda, ol ýerde hiç bir gysyş bolman, hemme zat öwrenilýär diýýärler. Aslynda bolsa türkmenleriň gadymylygyny aýtmaly bolsak, olar soňky Günorta Sibirden gelenler däldir. Olar eýran dilli halklar bolup, beýik döwletleri guranlardyr.

G. Hudaýberdiýewa: Siz häzir şol işer bilen gyzyklanýaňyzmy? Siziň işleriňiz bilen tanşyp bolarmy?

S. Polýakow: Men häzir studentlere istoçnikowedeniýe, ýagny çeşmeleri öwreniş ylmyndan leksiýa berýän. Makalalarym Russiýada neşir edilýän etnografik almanahyň “Medeni sosiologiýa we antropologiýa” tapgyrynda çykdy. Onuň 1993-nji ýylda çykan sanynyň 13-nji tomunda meniň işlerim bar. Şeýle hem onuň 14-nji tomunda bar. Ýene bir iş: “Häzirki zaman Orta Aziýa jemgyýetinde däp-dessurlaryň dowam etmegi”. Bu Moskwada 1989-njy ýylda çykdy. Bu kitaplaryň ählisi metodiki ähmiýete eýe. Meniň elimde bary şular. Eger tapyp bilseňiz, doktorlyk işimiň awtoreferaty bolmaly. Ýene bir zady aýdyp biljek, meniň öňe süren metodikam dünýäniň dürli künjeklerinde öwrenilýär. Ol Birleşen Ştatlarda iki gezek neşir edildi. Angliýada, Germaniýada, Hytaýda çap boldy.

G. Hudaýberdiýewa: Sergeý Petrowiç, Berdimuhamedowyň hökümet başyna gelmegi bilen ylmyň täzeden diklenjekdigi, ylma üns beriljegi, bu ugurda köp pullaryň goýberilejekdigi barada wadalar berlipdi. Şondan soňra Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň täzeden diklenmegi, dürli ylmy konferensiýalaryň geçirilmegi, siziň pikiriňizçe, muňa mysal bolup bilermi?

S. Polýakow: Adatça, hökümet başyna täze gelen ýolbaşçy, öz ýurdunyň ösmegini islese, beýleki ýurtlar bilen giň ylmy gatnaşyklary ýola goýup başlaýar. Emma Türkmenistanyň bu ugurdan edýän çynlakaý ädimleri gözüme ilenok. Meselem, Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Moskwanyň Döwlet Uniwersiteti bilen hatda ozalky gatnaşyklary hem hazir düýpden ýok. Biz ol ýerde näçe leksiýalar okadyk. Ol ýerde näçe etnograflary taýýarladyk. Ylymlaryň kandidatlaryny ýetişdirdik.
XS
SM
MD
LG