Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly hudožnik Aý Waýwaý barada alada edilýär


Günbatar döwletleri we hukuk toparlary tanymal hytaýly hudožnik we hökümet tankytçysy, polisiýanyň tussaghanasyna äkidilenden soň ýitirim bolan Aý Waýwaý barada barha köp alada galýandyklaryny aýdýarlar.

Aý Waýwaý ýekşenbe güni Pekin aeroportunda Hong Konga gitjek bolup durka tussag edilenden soň ondan gördüm-bildim ýok.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi “Amnesty International” guramasynyň we beýleki hukuk toparlarynyň hudožnigi azat etmek baradaky çagaryşyna goşuldy.

Aý Waýwaýyň tutulan wagty Hytaýda soňky hepdelerde başga pikirlileri basyp ýatyrmak üçin onlarça dissidentiň we hukuk goraýjy aklawçynyň tussag edilen döwrüne gabat geldi.
XS
SM
MD
LG