Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa NATO-nyň howa zarbasynyň uly nebit ýatagyna urlandygyny aýdýar


Liwiýa britan uruş uçarlarynyň esasy nebit ýatagyny urup, bu ýatak bilen Ortaýer deňzindäki porty baglaýan geçirijä zyýan ýetirendigini aýdýar.

Liwiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Haled Keým bu zarbadan üç sakçynyň ölendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Britan resmileri Keýmiň aýdýanlary barada hiç zat aýtmadylar.

Britaniýa BMG-niň mandaty boýunça Liwiýanyň üstünden uçmak gadaganlygyny amala aşyrýan NATO güýçleriniň bir bölegi bolup durýar.

Biraz öň Kaddafi güýçleri Misrata şäherindäki nyşanalara garşy tanklary we agyr top oklaryny ulanypdy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Alaýn Župpe Kaddafi goşunlary ilatly ýerlere urup, ýaran güýçleriň uçujylarynyň özlerini graždan ilatdan tapawutlandyrmagyny kynlaşdyrýar diýdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton bolsa Waşingtonda «Kaddafi özüniň näme etmelidigini bilýär» diýdi.

«Men jenap Kaddafi özüniň näme etmelidigini bilýändir diýip, pikir edýärin. Ol ýerde atyşygyň kesilmegi, onuň goşunlarynyň zor bilen, köp adam ýitgisi netijesinde alan şäherlerinden çykmagy gerek. Ol ýerde onuň häkimiýetden we Liwiýadan gitmegi barada karara gelinmegi gerek» diýip, Klinton aýtdy.

Kaddafi, öz atlandyryşy boýunça, «adalatsyz urşy» bes emäge çagyryp, prezident Barak Obama hat iberipdir diýen habar bar.
XS
SM
MD
LG