Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda Orsýetiň ýene güni gelýär


Gyryzystanyň Oş şäherinde çagalar Orsýetden iberilen gumanitar kömekler bilen, 2010-njy ýylyň 17-nji iýuny.
Gyryzystanyň Oş şäherinde çagalar Orsýetden iberilen gumanitar kömekler bilen, 2010-njy ýylyň 17-nji iýuny.

Mundan 20 ýyl ozal Sowet Soýuzy dargansoň, Gyrgyzystana täsir ýetirmek ugrunda daşarky güýçleriň arasynda bäsdeşlik başlandy.


Gyrgyzystan Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky tagallalaryna ýardam etmek üçin özüniň Manas aeoroportuny amerikalylaryň ulanmagyna rugsat berdi, şeýle-de höwes bilen Hytaý sermaýasyny kabul etdi. Mundan başga-da Bişkek özüniň Kantdaky harby bazasyny Orsýete ulanmaga berdi. Bir güýji beýleki güýje garşy ulanmak Gyrgyzystanyň häsiýetli syýasatyna öwrüldi.

Belli bir wagt içinde Orsýetiň güýji peselen ýaly bolup göründi. Emma 2010-njy ýylyň aprelinde ozalky prezident Kurmanbek Bakyýewiň režiminiň agdarylmagyndan soň, Moskwa üçin özüni tutmaga ýol açyldy.

Bir ýyl mundan ozal Orsýet her dürli çäreleriň üsti bilen Bakyýewiň hökümetiniň durnuksyzlaşmagy üçin tagalla baryny etdi. Bu ýagdaý gyrgyz ýolbaşçysynyň 2 milliard dollar kreditiň ýerine amerikalylary “Manas” aeroportundan cykarmak wadasyny saklamandygy üçin döredi.

Kolumbiýa uniwersitetiniň Bernard Kollejiniň professory Aleksandr Kuleý bu barada şeýle diýýär: "Orsýetiň habar beriş serişdeleri Bakyýewe garşy hüjüme başladylar. Olar Bakyýewi garyndaşparazlykda, korrupsiýada, repressiýada we şuňa meňzeş zatlarda aýypladylar. Şeýle-de Orsýet özüniň ýangyç subsidiýalaryny kesdi, bu hem apreliň başynda bahalaryň artmagyna getirdi. Mundan soň inflýasiýanyň derejesi we energiýanyň bahalarynyň juda ýokary bolmagy Bakyýewe garşy ilkinji protestleri döretdi”.

Kreml duýdansyz ýagdaýda Gyrgyzystanyň syýasy oppozisiýasy bilen gatnaşyklaryny dikeldip başlady. 7-nji aprelde irden, haçan-da mähelle Bakyýewiň häkimiýetden gitmegini talap edýän wagty, ençeme oppozision wekiller Moskwadan Bişekege gaýdyp gelipdiler.

Orsýet Roza Otunbaýewany prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde ykrar eden ilkinji döwlet boldy. Otunbaýewa hem özüniň minnetdarlygy hökmünde Moskwany Gyrgyzystanyň möhüm hyzmatdaşy diýip häsiýetlendirdi.

Orsýete tarap

Atambaýew Gyrgyzystanyň täze hökümetiniň baştutany hökmünde ilkinji saparyny Moskwa etdi we ol ýerde premýer-ministr Wladimir Putin bilen duşuşdy, 2010-njy ýylyň 27-nji dekabry.
Oktýabr aýynda Gyrgyzystandaky parlament saýlawlaryndan soň, ýurduň premýer-ministri wezipesine bellenilen Almazbek Atambaýew Manas aeroporty boýunça Waşington bilen ylalaşygyň 2014-nji ýylda tamamlanýandygyny, ondan soňam bu ylalaşygyň uzaldylmajakdygyny bildiripdi. Şeýle-de Atambaýew täze hökümetiň baştutany hökmünde ilkinji saparyny Moskwa etjekdigini aýtdy. Onuň nygtamagyna görä, “Orsýet mydama-da Gyrgyzystanyň strategiki hyzmatdaşy bolupdyr”.

Amerikanyň Manas aeroportundan uzak wagtlaýyn çykmak ähtimallygy, şeýle-de Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletlerine ýatyrýan sermaýasynyň uly möçberde bäş ýyllyk maratoriý goýýandygyny yglan etmegi Orsýete bu regionda uly mümkinçilikleri döretdi.

Şu ýylyň başlarynda Gyrgyzystanda Orsýetiň ulanýan Kant harby bazasy üçin arenda tölegini artdyrmak boýunça gürrüňler edilipdi. Emma Orsýetiň habar serişdelerinde täze gyrgyz hökümetindäki käbir ýolbaşçylaryň şübheli biznes gatnaşyklary barada gürrüň edilip başlananda, Kant bazasy boýunça tölegi artdyrmak çagyryşlary hem tapba ýatdy.

Kolumbiýa uniwersitetiniň Bernard kollejiniň professory Aleksandr Kuleýiň pikirine görä, bu Gygyzystanyň häzirki ýolbaşçylaryna, geçen ýyl Bakyýewiň başyna gelenleri ýatlatmak üçin bir duýduryş bolupdyr.

Premýer-ministr Atambaýew bu duýduryşa dogry düşünendigini Moskwa eden saparynyň dowamynda belli etdi: "Biz öz aramyzdaky baglaşylan ähli şertnamalary galdyrjakdygymyza we olary berjaý etjekdigimize söz berdik. Kant harby bazasy barada aýdylanda, biz tarapdan arenda bahasyny artdyrmak barada gürrüň edilipdi, meniň size söz berşim ýaly biz bu meseläni aradan aýyrdyk. Biz howpsuzlyk meseleleri boýunça söwdalaşmaly däl diýen karara geldik”.
XS
SM
MD
LG