Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kameron Parižde Liwiýa barada maslahat eder


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameronyň Liwiýadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin, Fransiýa barýandygy habar berilýär. Parižde ol Fransiýanyň prezidenti Nikola Sarkozi bilen duşuşyp, gepleşik geçirer.

Fransiýanyň prezidentiniň edarasy iki lideriň agşam naharynyň başynda, Liwiýanyň asuda ilatyny Kaddafiniň hüjümlerinden goramak meselesi barada gepleşik geçirjekdiklerini habar berdi. Bu duşuşyga iki ýurduň goranmak ministrleriniň hem gatnaşjakdyklary aýdylýar.

Bu duşuşyk Katarda geçirilýan “aragatnaşyk toparynyň” maslahatyndan soň bolar.

Dohada geçýän maslahata 40 döwletiň hem halkara gurmalarynyň wekilleriniň gatnaşýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG