Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Belarusyň paýtagtyndaky partlamany ýazgardy


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi “ görnetin terror hüjümi bolan” Minskidäki metro stansiýasynyň partladylmagyny ýazgaryp, beýanat ýaýratdy. Belarusyň paýtagtynda amala aşyrylan bu partlamada 12 adam ölüpdi.

Howpsuzlyk geňeşindäki bir diplomatyň aýtmagyna görä, bu beýanatda “çalymdaş” sözüniň ulanylmagynyň sebäbi, Geňeşiň käbir agzalarynyň bu partlamanyň arkasynda kimiň durandygyna şübhelenmeleri bolupdyr.

Duşenbe güni Miskide amala aşyrlan partlamada 150 adam hem ýaralanypdy.

Belarus resmileriniň aýtmagyna görä, bu partlamany amala aşyrmakda gümän edilýän şahs, şeýle-de onuň iki ýarany tussag edilipdir. Olar bu partlama dahyllydygyny hem boýun alypdyrlar.
XS
SM
MD
LG